TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

“Xiaomi” kompaniýasyndan täze telefon

“Xiaomi” kompaniýasynyň belli smartfonlarynyň biri bolan “Redmi Note 9-yň” ady üýtgedilip, satuwa çykarylar. Akylly telefon Hytaýda “Redmi 10X” diýlip atlandyrylar. Mundan başga-da, oňa 5G wersiýasy we hatda “Pro” görnüşi hem goşular. “Redmi 10X” arka tarapda diňe üç kamera bar. “Redmi 10X” akylly telefonlary maý aýynyň 26-syna Hytaýyň söwda nokatlarynda satuwa çykarylar. Onuň içki ýady 256 GB barabar bolar.

Häzirki wagtda “Redmi” akylly telefonlary dünýäde meşhurlygy barha artýar. Kompaniýa dünýädäki käbir meseleleriň bardygyna garamazdan, işlerini adatdakylar ýaly ýerine ýetirmegi meýilleşdirýär. Kompaniýanyň öndürýän önümleri dünýäniň ähli künjegindäki söwda nokatlarynda satuwa çykarylyp, ulanyjylara elýeter bahadan hödürlenýär.

Ýene-de okaň

AŞTU-dan täze hyzmat: IP we internet hasabyňy onlaýn öwrenmek

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Teswirle