TEHNOLOGIÝA

“www” 30 ýaşady

Bütindünýä internet tory, başgaça aýdylanda (www) köp ýyldan bäri durmuşymyzda möhüm orny bar. 1990-njy ýylyň 20-nji dekabrynda döredilen bu sahypa, 1991-nji ýylda bütin dünýäde ulanylmaga başlady. Internet ulgamyny döreden Tim Berners-Li, sanly dünýäni emele getirmekde möhüm orny eýeledi we bular ýaly adamlaryň azdygy bellenildi. Häzirki wagtda bolsa bu “www” internet toruna 30 ýyl dolýar. Biz bolsa okyjylarymyza WWW we ony esaslandyryjy Tim Berners-Li hakda maglumat bermegi makul bildik.

WWW we ony esaslandyryjy Tim Berners-Li hakda…

Internetiň atasy diýip atlandyrylýan iňlis alymy Tim Berners-Li, 1955-nji ýylyň 8-nji iýunynda Angliýanyň London şäherinde dogulýar. Irki döwürde Timiň ene-atasy kompýuter bilimi bilen gyzyklanýar eken. Soňra bolsa olar “Ferranti Mark 1” taslamasynyň üstünde işläpdirler. Bu taslama öndürilen ilkinji täjirçilik kompýuter görnüşi hökmünde taryha girdi. Şonuň üçin Tim irki döwürlerde tehnologiýa bilen tanyş boldy. Ženewa şäherinde ençeme ýyllaryny geçiren Tim, aklyna “WWW” internet toruny döretmek hakda pikir gelipdir. Emma bu taslamany durmuşa geçirmek üçin oňa azyndan 5 ýyl töweregi wagt gerek bolupdyr. Soňra bu taslama üstünlikli amala aşdy we birnäçe kompýuterlerde, şeýle hem telefonlarda internete birikdi. Ulanyjylaryň sanynyň çalt ösmegi internedi täjirçilik durmuşyna öwürdi. 1999-njy ýylda “Time” žurnaly, iňlis alymy Tim Berners-Li-ni 20-nji asyryň “100 sany akylly adamlaryň” sanawyna girizdi. Bäş ýyldan soňra, adamzat medeniýetine goşan goşandy üçin Angliýanyň Şa zenany Ýelizaweta II tarapyndan gahryman baýragyna eýe boldy.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

Ýene-de okaň

Ilon Mask Türkiýede wekilhanasyny açdy

Türkmenistanda elektron maglumat alyşmak ulgamy ösdürilýär

Aýda otly gatnawy hakykata öwrülýär

Ata Watan Eserleri

“Google” umumy bahasy 2 trillion dollardan geçen ABŞ-nyň dördünji kompaniýasy boldy

Türki döwletleri bilelikde kosmosa emeli hemra ibererler

“Samsung” ýene-de birinjiligi eýeledi