Ýurdumyzda saparda bolýan Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde çykyş etdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň resmi saýtynda habar berildi.
Wýaçeslaw Wolodin iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýe bolup durýandygyny belledi. Wolodin Türkmenistan bilen Russiýanyň deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda gatnaşyklaryny alyp barýandygyny mälim etdi.
Onuň aýtmagyna görä, Russiýa Federasiýasy Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýrtyn ähmiýet berýär.
Wolodin Hazarýaka döwletleriniň parlament ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda nobatma-nobat her ýurtda geçirilmegi göz öňünde tutulýan maslahatynyň ähmiýetiniň uludygyny belledi. Bu maslahaty 2024-nji ýylda Türkmenistanda geçirmek teklip edilýär.
Türkmenistanyň raýatlarynyň arasynda rus biliminiň meşhurlygynyň artýandygyny bellän Wolodin häzirki wagtda 30 müňe golaý türkmenistanlynyň Russiýada bilim alýandygyny belledi.
Şeýle hem Wolodin Russiýanyň Türkmenistanyň rus diline goýýan hormatyna ýokary baha berýändigini belläp, 71 türkmen mekdebinde rus dili synplarynyň bardygyny belledi.
Döwlet Dumasynyň Başlygy iki ýurduň arasyndaky Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky mekdebiň üstünlikli ösdürilýän medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny aýtdy.