TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Woleýbol çempionaty ýatyryldy

Türkiýäniň Woleýbol federasiýasynyň başlygy Akif Üstündag koronawirus ýokanjy sebäpli woleýbol ýaryşlary togtadyldy. Onuň bellemegine görä,  “Vestel Venus Soltanlar Ligasy” we “Efeler ligasy” arakesme yglan edilmezden ozalky ýagdaýynda galdyryldy. Şeýle hem üstümizdäki ýylda çempion yglan edilmeýär.

Akif Üstündag çempionatda aşakdaky orun eýelän toparlar aşaky liga düşmejekdigini hem belledi. Akif Üstündag: “Utulan çykdy oýunlaryny geçirmedigimiz üçin çempiony belli edip bilmedik we erkekleriň şeýle hem zenanlaryň arasyndaky bu ýaryşy şeýle tamamladyk” diýip belläp geçýär.

Liganyň toparlarynyň gelejegi hakynda beýanat beren Üstündag indiki ýylda Türkiýäni halkara ýaryşlaryndan wekilçilik etjek toparlary hem mälim etjekdiklerini belledi.

Mundan başga-da, Türkiýäniň Woleýbol Federasiýasy öz internet sahypasynda dünýäde dörän koronawirus keseli sebäpli Halkara Woleýbol federasiýasnyň gurnaýan 2020-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilen woleýbol boýunça Milletler ligasy ýatyrylandygy mälim edildi.

Ýene-de okaň

Katar-2022: nobat 1/8 finalda

Katar-2022: Günorta Koreýa Portugaliýany ýeňip, 1/8 finalda

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Teswirle