Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna gutlag hatyny iberdi.
Hususan-da Türkmenistanyň Prezidentine iberilen gutlag hatynda şeýle diýilýär:
– Sizi Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Söweş meýdanlarynda edermenlik görkezip, tylda janyny aýaman zähmet çekip, basybalyjylardan üstün çykan hem-de adamzady faşizm wehiminden halas edenler baradaky ýagty ýatlamalar hakydamyzda hemişelik ýaşar.
Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýowuz uruş ýyllarynda taplanan dost-doganlygyň, birek-birege goldaw bermegiň oňyn däpleri dostlukly gatnaşyklarymyzyň we çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de netijeli ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynanýaryn.
Ýurduňyzda ýaşaýan Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna tüýs ýürekden gutlaglarymy, berk jan saglyk, ruhubelentlik we uzak ömür baradaky arzuwlarymy ýetirmegiňizi Sizden haýyş edýärin.
***
Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Sizi Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. 9-njy maý Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň halklary üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Şol gün ýurtlarymyzda Beýik Ýeňşi ýakynlaşdyrmak üçin egin-egne berip, ganym duşman bilen gaýduwsyz söweşen, tylda zähmet çeken pederlerimiziň taýsyz edermenligini çäksiz hoşallyk bilen ýatlaýarys.
Beýik Ýeňşiň umumy ruhy mirasynyň mundan beýläk-de Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygyň ýoly bilen ösdürmäge ýardam berjekdigine ynanýaryn.
Size we Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.