TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Wladimir Putin sanjymyň 3-nji dozasyny aldy

Russiýa Federasiýasynda noýabr aýynda köpçülikleýin sanjymyň depgini ýokarlandy. Ýurtda 58 milliondan gowrak adam doly sanjym aldy.

Mälim bolşy ýaly, ýurduň Prezidenti Wladimir Putin bahar paslynda koronawirus ýokanjyna garşy işlenip düzülen “Sputnik V” sanjymy alypdy. Täzelikde ol bu sanjymyň (“Sputnik Laýt”) 3-nji dozasyny kabul etdi. Bu barada rus metbugaty habar berýär.

– Men ýene-de sanjym boldy. Bu eýýäm rewaksinasiýa bolar – diýip, Wladimir Putin Gamaleý adyndaky epidemiologiýa we mikrobiologiýa merkeziniň müdiriniň orunbasary Denis Logunow bilen geçiren duşuşygynda belläp geçdi. Wladimir Putin özüni oňat duýýandygyny belledi. Bilşimiz ýaly, Gamaleý adyndaky merkez “Sputnik” sanjymy işläp düzen edaradyr.

Wladimir Putin sanjymdan soňra özüni oňat duýýandygyny belläp, burna sepilýän sanjymyň hem kliniki synaglaryna hem gatnaşmaga taýýardygyny belledi. Gamaleý adyndaky merkez bu sanjymyň üstünde hem işleýär.

Russiýada häzirki wagtda güýz paslynda koronawirus ýokanjynyň täze tolkuny dowam edýär. Şonuň üçin ýurduň Saglygy goraýyş ministrligi 6 aýdan gowrak wagtdan öň sanjym alanlary täzeden sanjym bolmaga çagyrdy.

Mälim bolşy ýaly, Wladimir Putin sanjymyň birinji dozasyny 23-nji martda, ikinji dozasyny bolsa 14-nji aprelde alypdy.

Sanjym diňe bir saglygyňy goramagyň ygtybarly usuly bolman, eýsem jemgyýetleşdirmegiň möhüm elementidir. Sanjym şahadatnamasy döwlet edaralaryna, teatrlara, muzeýlere girişi aňsatlaşdyrar. Tatarystan bu ugurda öňegidişlik gazanyldy. Bu sebit Russiýada ilkinji bolup jemgyýetçilik ulaglarynda QR kodlaryny barlagyny girizdi. Ondan öň hökümet şeýle kodlary tutuş ýurt boýunça hökmany etmegi teklip edipdi: bu başlangyç Döwlet Dumasynda ara alnyp maslahatlaşylýar.

Russiýada “Sputnik V” sanjymyny kabul eden adamlaryň sany 50 milliondan geçdi. Bu sanjymy bellige alan beýleki ýurtlarda kabul edenleriň sany bolsa 120 million golaýlady.

 

Bill Geýtsden 5 sany kitap maslahaty

Ýene-de okaň

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara gatnawlaryň biletleriniň bahasyny arzanlatdy

Gyş paslynda berjaý edilmeli kadalar

PCR negative testiniň netijenamasy zerur däl: “Türkmenistan” awiakompaniýasy

Baş Redaktor

Teswirle