DÜNÝÄ

Wladimir Putin Hytaýa döwlet sapary bilen barýar

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 16-17-nji maýda Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň çagyrmagy boýunça bu ýurtda döwlet saparynda bolar. Bu barada Kreml köşgüniň metbugat gullugy habar berýär.

– Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň çagyrmagy boýunça Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 16-17-nji maýda Hytaý Halk Respublikasynda döwlet saparynda bolar. Bu sapar Russiýanyň Prezidentiniň täzeden wezipesine girişmeginden soňra ilkinji daşary ýurt sapary bolar – diýip, metbugat beýanatynda bellenilýär.

Bu sapar 2 şäheri Pekin we Harbin şäherlerini gurşap alar. Wladimir Putin Heýlunszýan welaýatynyň merkezi şäheri bolan Harbin şäherinde bolar. Bu ýerde 8-nji Russiýa-Hytaý EKSPO sergisiniň we Russiýa-Hytaý sebitara hyzmatdaşlygynyň 4-nji forumyna gatnaşar. Şeýle hem Putin Harbin politehniki uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary bilen duşuşar.

Putin bilen Si Szinpin Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky diplomaitk gatnaşyklaryň 75 ýyllygyny bellärler. Şeýle hem liderler Russiýa-Hytaý medeniýet ýylynyň açylyş dabarasyna gatnaşarlar.

Ýokary derejedäki gepleşikler geçiriler we resminamalar toplumyna gol çekilmegi meýilleşdirilýär.

Şeýle hem Wladimir Putin saparynyň çäklerinde ýurduň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýan bilen hem duşuşyk geçirer.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý parlamentara gatnaşyklary maslahatlaşyldy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat geçirildi

Aşgabat şäheriniň gününde 136 sany ýaşaýyş jaýy ulanmaga berler

Türkmenistan-Atom energiýasy boýunça halkara agentligi: hyzmatdaşlyk üçin täze teklipler

Türkmenistan Bahreýn Patyşalygyna ilçi belledi

Italiýa-Merkezi Aziýa daşary işler ministrleriniň duşuşygy bolar