DÜNÝÄ

Wladimir Putin: düwnük keseli üçin sanjym öndürmäge golaýladyk

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin “Geljegiň tehnologiýalary” atly halkara foruma gatnaşdy. Forumda çykyş eden Wladimir Putin rus alymlarynyň düwnük keseline garşy sanjym öndürmekde jemleýji tapgyra golaýlandygyny habar berdi.

– Biz düwnük keseline garşy onkologiýa sanjymlaryny hem-de immuno serişdeleriň täze görnüşlerini öndürmek babatda köp işleri ýerine ýetirdik. Ýakyn wagtda olar şahsy bejergilerde netijeli ulanylyp başlanar – diýip, Wladimir Putin belledi.

Putiniň bellemegine görä, 2023-nji ýylda rus alymlary tarapyndan işlenip düzülen 530 derma serişdeleri hasaba alyndy. Rus lukmanlarynyň tagallasy bilen ýürek-damar hirurgiýasy, rewmatologiýa, dikeldiş we beýleki ulgamlarda köp sanly rus lukmançylyk enjamlarynyň önümçiligine girişildi.

Soňky bäş ýylda Russiýada 500-den gowrak onkologiýa bejeriş merkeziniň açylandygyny bellän Putin: “Diagnoz, bejergi we dikeldiş boýunça ýurtda ýokary ülňüler döredildi. Netijede, onkologiýa keselleriniň ýarysyndan gowragyny başlangyç tapgyrda anyklamak ýola goýuldy” diýip belledi.

Mälim bolşy ýaly, koronawirus ýokanjynyň ýaýran döwründe rus alymlary tarapyndan “Sputnik V” we “Sputnik Light” ýaly sanjymlar öz wagtynda işlenip düzülipdi, köp ýurtlara iberildi, şeýle hem bu ýurtlarda bu ýokançylygyň öňüni almak üçin giňden ulanylypdy.

Ýene-de okaň

Jeýms Dewid Wens ABŞ-nyň wise-prezidentligine dalaşgär

Slowakiýa Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Slowakiýa sapary

Türkmenistanyň we Yragyň BAE-däki ilçileriniň duşuşygy

Türkmenistanyň ilçisiniň BAE-niň Daşary işler ministrligindäki duşuşygy

Gazagystanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipesine girişdi