JEMGYÝET

Wladimir Putin 5-nji gezek prezident wezipesine girişer

Şu gün Russiýanyň wagty bilen öýländen soňra Russiýa Federasiýasynyň saýlanan Prezidenti Wladimir Putin 5-nji gezek bu wezipesine girişer. Dabaraly kasam kabul ediş çäresi Kreml köşgünde geçiriler.

Prezidentiň wezipesine girişmek dabarasy onuň täze möhletde wezipe ygtyýarlyklaryna başlaýandygyny alamatlandyrýar. Wladimir Putin ozal 4 gezek prezident wezipesi üçin kasam kabul edipdi.

2000-nji ýylda 47 ýaşyndaky dalaşgär üçin rus saýlawçylaryň 52,94 göterimi ses beren bolsa, 2004-nji ýylda 71.31 göterimi, 2012-nji ýylda 63.6 göterimi we 2018-nji ýylda 76.7 göterimi ses berdi.

Şu ýylyň mart aýynda geçirilen saýlawlarda 71 ýaşyndaky Wladimir Putin 87.28 göterim ses bilen, saýlawçylaryň rekord derejesindäki sesini aldy.

Russiýada döwlet baştutany üçin ýörite wezipesine girişmek dabarasy 1996-njy ýylda, ýagny Prezidenti Boris Ýelsiniň ikinji gezek ýokary döwlet wezipesi üçin ygtyýarlyklaryna girişen döwri işlenip düzüldi. Şondan bäri bu dabara käbir üýtgetmeler girizildi, ýöne esasy pursatlary saklanyp galyndy.

2018-nji ýylda Wladimir Putiniň wezipesine girişmek dabarasy 48 minut dowam edipdi.

1952-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Leningrad şäherinde dünýä inen Wladimir Putin Leningradyň döwlet uniwersitetiniň (häzirki wagtda Sankt-Peterburg döwlet uniwersiteti) hukuk fakultetiniň uçurymydyr. Döwlet howpsuzlyk edaralarynda gulluk etdi we Sankt-Peterburgyň şäher häkimi wezipesinde işledi. 1996-njy ýylda Moskwa şäherine gelip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Iş dolandyryjysynyň orunbasary wezipesinde işledi.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Iş dolandyryş edarasynda ýokary wezipelerde işledi, Federal howpsuzlyk gullugynyň ýolbaşçysy boldy, Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesini alyp bardy. 2 gezek Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri wezipesini amala aşyrdy.

Wladimir Putin ilkinji gezek 2000-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti wezipesine saýlanypdy.

Şeýlelikde, öňümizdäki 6 ýyl Wladimir Putin Russiýanyň esasy döwlet wezipesiniň ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirer.

Ýene-de okaň

Lebapdaky mugallymçylyk mekdebi Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ýaşaýan ýaşlary okuwa kabul eder

Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-iň ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň energetika ministri Türkmenistana sapar bilen geler

Baýraktar: türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen import etmegi meýilleşdirýäris

“Ýüpek ýoly” rallisi: türkmen türgenleri baýrakly dolanýarlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde täze departamentler döredildi

Ata Watan Eserleri