Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary Mährijemal Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Fransiýa Respublikasynda gulluk iş saparynda boldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Pariž şäherindäki ştab-kwartirasynda Guramanyň Baş direktorynyň orunbasary Ernesto Ramires bilen gepleşikleri geçirdi. Özara gepleşikleriň barşynda ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary Guramanyň çäginde durmuşa geçirilýän işlere Türkmenistanyň işjeň gatnaşýandygy üçin ýurdumyzyň Hökümet agzalaryna minnetdarlygyny bildirdi. Geljek ýylda Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edilmegine 30 ýyl dolýar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar bu şanly sene bilen bagly dürli medeni çäreleri geçirmek boýunça ylalaşdylar.
Dürli ýyllarda ýurdumyzyň medeni gymmatlyklarynyň birnäçesi bütindünýä gymmatlygy hökmünde ÝUNESKO-nyň mirasynyň sanawyna girizildi. 28-nji noýabr — 3-nji dekabr aralygynda Marokko Patyşalygynyň Rabat şäherinde geçiriljek ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Komitetiniň 17-nji mejlisi geçiriler. Bu mejlisde Türkmenistandan dünýäniň medeni mirasynyň sanawyna goşmaga teklip edilýän 3 sany gymmatlyga serediler.
Wise-premýer Mämmedowa geçen ýyl Guramanyň «Dünýä mirasy» maksatnamasyna goşmaga Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň hödürlenendigini aýratyn belledi. 2024-nji ýylda türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň bellenýändigini, şunuň bilen baglylykda, ony Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň 2024-2025-nji ýyllarda dünýäniň belli seneleri hökmünde belleýän halkara çärelerine goşmaklygy teklip etmek isleýändigi mälim edildi.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň we ÝUNESKO-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda edýän tagallalary üçin Guramanyň ýolbaşçylaryna minnetdarlygyny bildirdi.
Özara duşuşygyň çäginde «Guimet» Aziýa sungatlary boýunça milli muzeýiň direktory Ýannik Lins türkmen wekiliýetini muzeýiň işi, bu ýerde sergileri guramagyň aýratynlyklary bilen tanyşdyrdy. Bu muzeý fransiýaly mirasgär Lion Gime tarapyndan 1889-njy ýylda döredilip, onda Gündogar halklarynyň baý medeni mirasy sergilenýär.
Muzeýiň Gündogar gymmatlyklary departamentiniň direktory Ariana Tomas Luwr muzeýi we bu ýerde sergileri geçirmegiň aýratynlyklary bilen türkmen wekiliýetini ýakyndan tanyşdyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlyk üçin hukuk esaslaryny berkitmek we Luwr muzeýinde türkmen medeni gymmatlyklaryna bagyşlanan sergileri guramak boýunça özara ylalaşygy baglaşmak boýunça işleri geçirmegi ylalaşdylar.

Ozal habar berşimiz ýaly, 24-nji noýabrda Parižiň Luwr muzeýinde «Ulugdepe — Merkezi Aziýanyň taryhyny öwrenmegiň möhüm merkezi» ady bilen Türkmenistanyň çäginde geçirilýän arheologiýa barlaglaryna bagyşlanan türkmen-fransuz bilelikdäki maslahaty geçirildi.