TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

“Wikipediýa”: Türkmen sungat ussatlary

Internet ulanyjylarynyň ýakyndan bilýän hem-de maglumat almak üçin elýeterli bolan köp dilli uniwersal hem-de erkin ensiklopediýa hasaplanýan “Wikipediýa”-da ýurdumyzyň sungat ussatlary barada hem türkmen dilinde maglumat almak mümkinçilik döredi.

wikipedia.org” internet salgysy boýunça hyzmat berýän “Wikipediýa”-nyň türkmen dilindäki sahypalarynda türkmen sungat ussatlaryndan Parahat Amandurdyýew, Mähri Pirgulyýewa, Pälwan Muhyýew ýaly köpleriň söýgüsini gazanan aýdymçydyr aktýorlaryň, artistdir alyp baryjylaryň maglumatlary ýerleşdirilendir.

Bu ýerde ýokarda ady agzalan sungat işgärleriniň durmuşy, gazanan baýraklary, alyp barýan işleri barada gysgaça maglumat edinmek bolýar.

Internetdäki “Wikipediýa” sahypasy  37 sebit bölümi bolan Amerikanyň telekeçilik däl guramasy bolan “Wikimedia” gaznasyna degişlidir. Ensiklopediýanyň ady iňlis sözlerinden wiki (“wiki”; öz gezeginde “çalt” diýmegi aňladýan gawaý dilinden alnan) we ensiklopediýa (“ensiklopediýa”) alnandyr.

Jimmi Uels we Larri Sanger tarapyndan 2001-nji ýylyň ýanwar aýynda açylan “Wikipediýa” häzirki wagtda internetdäki iň uly we meşhur “ maglumat kitapçasydyr.

 

“Gök Taýajykly” Türkmen Instagram hasaplary

Hormatly okyjylarymyz Siz şeýle hem saýtymyzyň Söhbetdeşlik sahypasyna geliň Türkmen sungat işgärleri bilen gurnalan gyzykly söhbetdeşlikleri okap bilersiňiz

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

Ata Watan Eserleri

Döwlet münberindäki Garaşsyzlyk baýramynyň dabarasy

Teswirle