TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

“Wikipediýa” täzelener

“Wikipediýa” onlaýn ensiklopediýasynyň web görnüşiniň dizaýny, soňky 10 ýylda ilkinji gezek täzelener diýip, “Wikipediýany” dolandyrýan “Wikimedia Foundation” täjirçilik däl guramasy habar berýär. Web görnüşiniň täzeden dizaýn edilmegi, ulanyjylar üçin sahypany has amatly görnüşde görkeziler. Täze dizaýnda, nawigasiýa üçin sahypanyň ýokarsyna gaýdyp barmazlyga mümkinçilik berýän okalýan makalanyň goşmaça bölümleriniň menýusy peýda bolar. Mundan başga-da, işläp düzüjiler köp ünsüni çekýän baglanyşyklary aýrarlar.

“Wikipediýa”-da dürli dilleriň arasynda geçmek üçin ulanyjylara has oňaý şertler dörediler. “Wikimediýa”-nyň gaznasy wekili meýilleşdirilen üýtgeşmeleriň gözden geçirilenden soň kem-kemden durmuşa geçiriljekdigini nygtap geçdi. Web görnüşiniň täzeden dizaýny 2021-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlanar.

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Hormatly Prezidentimiz Türkiýäniň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy köpçülikleýin welosiped ýörişini gurady

Ärdoganyň wezipesine girişmek dabarasy geçiriler

Teswirle