Wideo Habar :TOPH gaz geçiriji taslamasy: Hindistanyň gaz bazary

Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH)  Gaz geçiriji taslamasynyň Hindistanyň Energiýa bazaryna täsiri baradaky wideo habarymyzy Size hödürleýäris. Siz bu Wideo habarymyzy şu ýere basyp biziň You Tube kanalymyzdan tomaşa edip bilersiňiz!

Siz Wideo habarymyzda ilki bilen TOPH gaz geçiriji taslamasy  barada umumy maglumat alarsyňyz. Habaryň ikinji bölüminde Siz  Türkmenistanyň global gaz bazaryndaky orny we Ata Watanymyzyň global energiýa howpsuzlygyna oňyn täsiri bilen tanşarsyňyz. Wideo habaryň üçünji bölümi Hindistanyň häzirki we 2050-nji ýyla çenli döwür üçin içerki gaz islegi we önümçiligi barada iň soňky çaklamalar baradadyr. Habaryň soňky bölüminde bolsa, Hindistanyň içerki gaz islegini kanagatlandyrmak üçin 2050-nji ýylda 145 milliard kubmetr tebigy gaz import etmelidigini, şonyň üçin hem belkide ýakyn gelejekde TOPH –II gaz geçiriji barada halkara pikir alyşmalaryň başlajakdygyny baradaky seljermeleri tomaşa edip bilersiňiz.

Mälim bolşy ýaly ýaňy ýakynda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýty ýörite taýýarlanan Wideo habarlary Size ýetirip başlady.  Hormatly Okyjylarymyz, biziň döredijilik toparymyz yzgygiderli kämilleşer we  Size  gyzykly, peýdaly, täsirli we owadan bezelen wideo habarlary ýetirer. Biziň You Tube kanalymyza gelmegiňizi, wideo habarlarymyza tomaşa etmegiňizi we halan bolsaňyz “halanan” taýajygyna basmagyňyzy we “teswirler” bölümine öz maslahat beriji tankytlaryňyzy ýazmagyňyzy haýyş edýäris.

Okap bilersiňiz  Ärdogan milli Liderimizi Oraza baýramy bilen gutlady

 You Tube Kanalymyz üçin

 

Internete birikmezden (offline ) habarlary okamak: Saýlamak mümkinçiligi

Applikasiýamyz offline işleýär we Siz internete birikmedik wagtyňyz hem Ata Watan habarlaryny okap bilersiňiz! Şeýle hem  islän habaryňyz boýunça Size hususy bildiriş gelmegini sazlap bilersiňiz!  Siz “sada görnüşi” saýlap WIFI ulgamyna birikmedik wagtyňyz mobil internetiňizi tygşytlap bilersiňiz! Ine biziň täze applikasiýamyzyň esasy aýratynlyklarynyň käbirleri!

Applikasiýamyzy indirip alyň

Siz “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com    saýtynyň  täzelenen applikasiýasyny  öz mobil telefonyňyza indirip almak isleseňiz şu ýere basyň!  Applikasiýany ýüklemek üçin şeýle hem  Google Play-dan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp gözleg edip bilersiňiz!  Aşakdaky suratyň üstüne basmak bilen Applikasiýany ýüklemek mümkin! Applikasiýamyzy indiriň we aşakda sanaýan aýratynlyklarymyzy halajakdyňyza ynanýarys!