Portugaliýaly meşhur tälimçi Žoze Mourinýonyň tälim berýän “Roma” topary Italiýanyň çempionatynyň täze möwsüminiň başlamagynyň öňüsyrasynda düzümini güýçlendirýär. “Ýuwentus” topary bilen şertnamasy tamamlanyp, erkin futbolçy bolan Paolo Dibaladan soňra “Roma” topary Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň düzümindäki niderlandly futbolçy Jorjinýo Weýnaldumy kärendesina aldy.
Ýöne futbolçy bilen baglaşyna şertnama görä, 2022-2023-nji ýylyň möwsümi tamamlanandan soňra futbolçyny satyn almak maddasy hem göz öňünde tutuldy.
Rimliler bu futbolçyny 8 million ýewro satyn almak hukugyna eýe boldy.
Weýnaldum “PSŽ” toparyndan ozal Angliýanyň “Liwerpul” toparynyň düzüminde oýnap, oňat netijeler görkezipdi.