TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Weterinar lukmançylygy ulgamynda sanlylaşdyrmagyň ähmiýeti

Tehnologiýanyň hem-de sanly ulgamyň giňden ýaýbaňlaşdyrylmagy lukmançylyk pudagyna hem özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Weterinar lukmançylyk ulgamynda hem sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanylýar.

Bu ugurda dürli mobil goşundylary döredilip, weterinar lukmançylygy babatda maldarçylyk bilen meşgullanýan hojalyklara we fiziki şahslara ýardam edilýär. Şotlandiýada atlarda semizlige garşy göreşmek üçin mobil goşundysy döredildi.

Glazgo uniwersitetiniň alymlary atlarda semizlige garşy göreşmek üçin programma işläp düzdi. Bu hem atlaryň eýelerine bedewleriň beden agramyna we olaryň sagdyn iýmitlenmek ýagdaýyna gözegçilik etmäge kömek edýär.

“Equi-BCS” atly sanly mobil goşundysy atyň eýesine onuň agramyny ýazgy etmäge, weterinar lukmanlary we beýleki hünärmenler bilen paýlaşmaga mümkinçilik berýär. Bedewleriň agramyna üstünlikli gözegçilik etmek üçin olaryň eýeleri bilen weterinar lukmanlarynyň hem-de deiotologlaryň bilelikde çemeleşme sarp etmegi zerur bolup durýar. Atyň ýagdaýy gaty çalt üýtgäp bilýändigi sebäpli, her iki hepdede yzygiderli gözegçilik etmek zerurdyr.

Mobil goşundysy bilen atyň eýesine nobatdaky barlagyň wagtynyň gelendigini ýatladylýar. Bedewiň eýesi atyň soňky ýagdaýlarynyň netijelerini lukmanlara iberer, olar hem atyň iýmitleniş sanawynyň düzediş girizip-girizmezligi barada öz maslahatlaryny berer.

Bu sanly ulgam goşundysy yzgiderli täzelenip durulýar we onuň hem peýdasy uly bolup durýar.

Serdar Çerkezow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.

 

Oba hojalygynda täze usul – gidroponika

Ýene-de okaň

Milli ykdysadyýetiň ösüşli ýoly

Döredijilik işgärleri bilen duşuşyk

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze derejesi

Teswirle