TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Wengriýanyň ýokary okuw mekdepleri üçin kabul edişlik

TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI 2022/2023-nji okuw ýyly üçin Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr we magistr) maksatnamalary boýunça seçip alyş işini geçirýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde degişli bildiriş çap edildi.

Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine umumy orta ýa-da orta hünär bilimli (magistr maksatnamasyna — ýokary bilimli), ýaşy 35-den geçmedik hem-de 18 ýaşy dolan, iňlis dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

4 Dilde gürleýän Sözlük: Makul Sözlük Rus dilinde

Hünärleriň sanawy, Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr we magistr) maksatnamalary boýunça okuwa kabul etmegiň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumatlary kabul ediş toparyndan alyp bolar.

Resmi iş kagyzlary 2021-nji ýylyň 21 — 30-njy dekabry aralygynda şu aşakdaky bilim edaralarynda kabul edilýär:

— Aşgabat şäherinden we Ahal welaýatyndan dalaşgärler üçin Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde;

— Balkan welaýatyndan dalaşgärler üçin Balkanabat şäherindäki tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdepde;

— Mary welaýatyndan dalaşgärler üçin TürkmenistanyňDöwlet energetika institutynda;

— Lebap welaýatyndan dalaşgärler üçin Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda;

— Daşoguz welaýatyndan dalaşgärler üçin Türkmen oba hojalyk institutynda.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusga boýunça arza we sowalnama;

— umumy orta ýa-da orta hünär bilimi baradaky resminamanyň(magistr maksatnamasyna dalaşgärler üçin ýokary hünär bilimi baradaky resminamanyň) asyl nusgasy;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşardaky ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmäge dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy);

— COVID-19-a garşy sanjym geçirilendigi baradaky kepilnamasy;

— soňky okan ýa-da işlän ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegde 12 sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniňtassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda döwlet orta we ýokary hünär bilim edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan mekdep okuwçylarynyňdersler boýunça döwlet bäsleşiginiňýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyňýygyndy toparynyňagzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyňasyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde kabul ediş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwä hatyny.

Resminamalary kabul ediş topary, zerur bolan halatynda, dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we seçip alyş işi 2022-nji ýylyň 5 — 7-nji ýanwary aralygynda:

— Aşgabat şäherinden we Ahal welaýatyndan dalaşgärler üçin Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde;

— Balkan welaýatyndan dalaşgärler üçin Balkanabat şäherindäki tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdepde;

— Mary welaýatyndan dalaşgärler üçin Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda;

— Lebap welaýatyndan dalaşgärler üçin Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda;

— Daşoguz welaýatyndan dalaşgärler üçin Türkmen oba hojalyk institutynda geçiriler.

Giriş synaglary umumybilim berýän mekdeplerde okadylýan derslerden test, şeýle hem Türkmenistanyňtaryhyndan söhbetdeşlik (magistr maksatnamasyna dalaşgärler üçin degişli hünär ugry boýunça we Türkmenistanyň taryhyndan söhbetdeşlik) geçirilýär.

Test ýazmaça görnüşde, söhbetdeşlik dilden — Türkmenistanyň döwlet dilinde geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaglara gelip bilmedikler ýa-da synaglaryň birinden geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31.

Tel.: (+993 12) 94-69-90, 94-54-29.

Balkan welaýaty, Balkanabat şäherindäki tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiň salgysy: Balkanabat ş., 14-nji ýaşaýyş jaý toplumy. Tel.: (+993 222) 2-07-08, 2-07-06.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň salgysy:

Mary welaýaty, Mary ş., Baýramhan köçesi, 62-nji jaý.

Tel.: (+993 522) 5-75-02, 5-75-17.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň salgysy:

Lebap welaýaty, Türkmenabat ş., Şabende köçesi, 7-nji jaý.

Tel.: (+993 422) 3-45-25, 3-65-87.

Türkmen oba hojalyk institutynyň salgysy:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz ş., Ruhnama köçesi, 94-nji jaý.

Tel.: (+993 322) 9-33-92, 9-27-47.

 

Türkmenistana lukmançylyk enjamlary getirildi

Ýene-de okaň

Ýaş ekologlaryň halkara bäsleşigi

Türkmenistanda biologiýa dersi boýunça halkara internet olimpiadasy geçirildi

Türkmenistan – Russiýa: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Teswirle