Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Wengriýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Ýožef Rožadan ynanç hatyny kabul etdi.
Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Şeýle hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän dostlukly gatnaşyklaryň hem-de netijeli döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ilçi Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny nygtady. Diplomat Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, türkmen Parlamentiniň işi bilen tanyşdyryldy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar milli kanunçylygy we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmaga, iki döwletiň hyzmatdaşlyga bolan mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge giň mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda Wengriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisijenap Ýožef Roža iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.