TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Wengriýa çopany – Komondor

Dünýäde hakykatdan hem ajaýyp it tohumlary bar. Olaryň biri hem, uzyn we
galyň örüme meňzeş ýüňi sebäpli it hökmünde tanalmazlygy mümkin bolan
Wengriýa Çopanydyr. Şeýle-de bolsa, birneme geň görnüşe garamazdan, bu
haýwan it ösdürip ýetişdirýänleriň uly gyzyklanmasyny döredýän ösen akyly, güýji
we çydamlylygy bilen tapawutlanýar. “Komondor” diýlip atlandyrylýan bu tohum
takmynan b. e. IX asyryndan gözbaş alyp gaýdýar. Ony wengriýalylar ýüze
çykardylar we esasan sürüde mallary goramak we ugratmak üçin garawul
hökmünde ulandylar. Sürüleri goraýan Wengriýaly Çopan it iri ýyrtyjylara –
möjeklere we aýylara aňsatlyk bilen çydap bilýärdi. Bu diňe bir tebigy batyrgaýlyk
bilen däl, eýsem fiziki faktorlar bilen hem düşündirilýär – galyň ýüň ony
haýwanlaryň hüjüm edýän dişlerinden gorap bilýär. Ok geçmeýän ýüňi adamy
oklardan goraýar. Wengriýa çopany örän uly göwrümli owadan ak (pil süňküniň
reňkinde) itdir. Bedeni güýçli, gapdaldan seretseň, arka tarapy birneme egilen
gönüburçluga meňzeýär.Ýüňi itiň ömrüniň dowamynda ösýär, üstesine-de, uly itiň
ýüzüniň uzynlygy 70 santimetr, agramy bolsa 7 kg töweregi bolýar. Aňsat, gujurly
hereket edýär. Uly itiň boýy erkeklerde 70 sm-den, urkaçylarda bolsa 65 sm-den
pes däldir. Olaryň agramy degişlilikde 50-60 we 40-50 kg hasaplanýar.

Aýgül Hallyýewa

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

 

“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” akyl-paýhas bäsleşigi geçirilýär

Ýene-de okaň

Sport we ýaşlar

Türkmenistan iri halkara nebitgaz forumyna taýýarlanýar

Türkmen halky Garaşsyzlyk toýun toýlaýar

Teswirle