DÜNÝÄ

Wenesuela Türkmenistana ilçi belledi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kristofer Alberto Martinez Berroterandan Ynanç hatyny kabul etdi.

Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän dostlukly gatnaşyklaryň hem-de netijeli döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşykda taraplar söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda, şeýle hem parlament derejesinde hyzmatdaşlygy ösdürmekde gazanylýan netijeleriň  ähmiýetini bellediler.

Söhbetdeşligiň soňunda döwletara hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga, bu gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny berkitmäge hem-de parlament we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga hemişe taýýardyklaryny beýan etdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisinde USAID-yň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Wengriýada ahalteke atlarynyň görkezme çykyşlary geçirildi

ABŞ-nyň Türkmenistana bellenen ilçisi Elizabet Rud kasam kabul etdi

Donald Tramp resmi taýdan prezidentlige dalaşgär görkezildi

“Atawatan Media” topary ABŞ-da ýelkenli sport ýaryşyny tomaşa etdi

Türkiýe Respublikasynyň demokratiýa we milli jebislik güni Aşgabatda bellendi