TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Welotrek boýunça Dünýä çempionatyna taýýarlyk görler

Türkmenistanda sportuň meşhur görnüşlerini, şol sanda dünýäde giňden ýaýran we Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen welosiped sportyny ösdürmek boýunça amala aşyrylýan anyk işler barada hasabat berildi.

Häzirki döwürde dürli sport çäreleriniň geçirilýän ýurduna öwrülen Türkmenistanda 2021-nji ýylda welotrek boýunça Dünýä çempionatyny guramaçylykly geçirmek ugrunda zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şoňa laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda guramaçylyk komiteti döredildi. Bu komitetiň mejlisinde dünýä çempionatyny guramaçylyk ýagdaýynda geçirmek üçin taýýarlyk görmek meselelerine garaldy.

Iri halkara ýaryşlaryny guramak boýunça toplanylan tejribä esaslanyp hem-de degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň utgaşykly guramaçylyk işlerini ýola goýmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylda Aşgabat şäherinde welotrek boýunça Dünýä çempionatyny geçirmek hakynda Kararynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça teklipler beýan edildi.

Welosipedçileriň halkara bileleşiginiň düzgünnamasyna laýyklykda, bu iri halkara bäsleşiklerini 2021-nji ýylyň 13-17-nji oktýabry aralygynda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Welotrek sport toplumynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welotrek boýunça geljek ýyl geçiriljek Dünýä çempionatyna taýýarlyk bilen baglanyşykly teklipleri oňlamak bilen bu işe örän çynlakaý girişmegi tabşyrdy.

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

Ýene-de okaň

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Messi ilkinji üçlükde

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Teswirle