JEMGYÝET

Welosipedleri kärendesine bermek hyzmaty we täze Kottejler

Şu gün ir bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna ugrady, bu ýerde halkara derejeli häzirki zaman deňiz şypahanasy kemala geldi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.

Az wagtdan soňra hormatly Prezidentimiziň uçary Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Hazaryň kenarynda zähmet rugsadynda bolýan hökümet agzalary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.

  • Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, bu ýerde dynç alýanlara hödürlenilýän hyzmatlaryň üsti dürli kysymly welosipedleri kärendesine bermek hyzmaty bilen ýetirildi.
  • “Awazanyň” çäklerinde welosipedleri kärendesine bermek boýunça birnäçe beket döredildi, olaryň awtomatlaşdyrylan ulgamy we bu ýerde gurnalan ýörite enjam gün batareýalaryndan alynýan energiýanyň hasabyna işleýär.
  •  Döwlet Baştutanymyz beketleri işletmegiň ulanylýan usulyny oňlap, beketleri ekologiýa talaplaryna doly kybap gelýän “Ekowelosiped bekedi” diýip atlandyrylsa maksada laýyk boljakdygyny belledi.
  • Döwlet Baştutanymyz “Ekowelosiped beketlerinde” hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak hem-de görnüşlerini giňeltmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi
  • Döwlet Baştutanymyz “Watançy” myhmanhanasynyň çägine gelip, öz welosipedini bu ýerde gurnalan “Ekowelosiped bekedinde” goýdy.
  • Döwlet Baştutanymyz içeri işler ministri I.Mulikowa ýüzlenip, içeri işler düzüminde polisiýanyň ekowelosiped toparyny döretmegi tabşyrdy.
  • Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu topary her ýyl sentýabr aýynda geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” biraýlygynyň dowamynda, şeýle hem mekdeplerde we çagalar edaralarynda guralýan şonuň ýaly çärelerde düşündiriş – wagyz işleri görnüşinde peýdalanmak maksada laýyk bolar.
  • Soňra milli Liderimiz sebitleri ösdürmegiň çäklerinde, hususan-da “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurulmagy teklip edilýän durmuş maksatly desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.
  • Şunda esasan kottej görnüşli taslamalar hödürlenilýär, olary kenarýakada bina etmek meýilleşdirilýär, bu ýerde binalaryň aýratynlyklary barada anyk düşünje almaga mümkinçilik berilýär, dürli çyzgylar we esgizler görkezilýär.
  • Gurulmagy göz öňünde tutulýan binalaryň hatarynda kottej görnüşli jaýlar, suw arassalaýjy desga, çagalar we ulular üçin suw howdanlary bolan ýörite myhmanhanalar, tomusky restoran bar.
  • Bu taslamalary amala aşyrmak ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanylar.
  • Bellenilişi ýaly, toplumyň umumy meýdany 10 gektara deň bolup, onda ýylyň islendik paslynda ýaşamak hem-de dynç almak üçin has amatly şertler dörediler.
  • Kottej toplumynda jemi 768 adama niýetlenen 192 otag ýerleşdiriler. Mundan başga-da, onuň çäginde türkmeniň “Ak öýi” görnüşindäki desga gurlar.
  • Kottejlerde köp çagaly maşgalalar üçin ähli şertler hem-de mümkinçilikler göz öňünde tutulmalydyr.
  • Mundan başga-da, binanyň her bir düzümi, şol sanda penjireleriň göwnejaý ýerleşdirilişi möhüm bolup durýar, bu bolsa dynç alýanlara hem-de jahankeşdelere bu täsin künjegiň gözelligini synlamaga mümkinçilik berer.
  • Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenilen taslamalar bilen tanyşlygyny tamamlap, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça satyn alnan täze gämini synlamak üçin ýoluny dowam etdi, bu gämi “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň gämiler toplumynyň üstüni ýetirdi. Ol syýahatçylar we dynç alýanlar üçin deňiz gezelençlerini guramaga niýetlenendir.
  • Täze gämini garşylamak dabarasy milli däp-dessurlara laýyklykda guraldy. Öňden gelýän adata laýyklykda, oňa un sepildi, alaja daňyldy, ýüzärligiň tüssesi berildi.
  • “Rowaç” diýlen ady alan gäminiň ýanynda saklanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň kapitanynyň hasabatyny kabul etdi.
  • Döwlet Baştutanymyz deňizde gezelenji tamamlap, Hazar deňziniň kenarynyň baý tebigy mümkinçilikleriniň doly herekete getirilmegi syýahatçylyk we şypahana düzümleriniň geljekde hem okgunly ösdürilmegine ýardam eder diýip belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Şweýsariýa: diplomatik we gulluk pasportlar üçin wiza talaplary ýatyryldy

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheri Awstriýada ýokary hil baýragyna mynasyp boldy

Abdulaziz Kamilowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakyldy

Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan halkara maslahat

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Magtymguly adyndaky halkara baýrak bilen sylaglandy

Binali Ýyldyrym Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen ada eýe boldy