TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Welosiped we welosiped sporty

Welosiped dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa, elýeterli we ygtybarly ulag görnüşi hökmünde giňden ulanylýar. Beýleki ulag serişdelerine garanyňda, ony dolandyrmak hem aňsat. Welosiped sporty bolsa sportuň ekologik taýdan arassa we gyzykly görnüşi bolmak bilen, ilatymyzyň beden saglygyny berkitmekde möhüm orny eýeleýär diýip, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow belleýär.

Türkmenistan döwletimizde hem welosipede we welosiped sportuna aýratyn ähmiýet berilýär. Her ýyl dürli ýarayşlar we köpçülikleýin welosiped ýörişleri geçirilýär.

Welosiped diňe bir adam tarapyndan oýlanyp tapylmandyr. XVIII  asyra çenli dürli pikirler we oýlap tapyşlar öňe sürlüpdir. Käbir maglumatlarda, welosipediň käbir çyzgylaryny Leonardo da Winçiniň eserlerinde hem duş gelnendigini belleýärler.

Welosipediň oýlap tapylan döwri 1870-nji ýyllara gabat gelýär. Angliýanyň Kroýden şäherinden G. Beýts ilkinji welosipedi ýasapdy. Soňlugy bilen ulagyň bu görnüşi has-da kämilleşdirilipdir.

Welosiped konstruktorlarynyň aglabasy awtoulag senagatynyň ösüşine hem öz goşandyny goşupdyr. Awtoulag we motosiklleri oýlap tapanlaryň köpüsi ilkibaşda welosiped konstruktory bolupdyr. Olardan germaniýaly G.Daýmler, ABŞ-dan B.Harleý we A. Dewidson mysal bolup bilýär. 1900-1920-nji ýyllarda ulag serişdeleriniň motorizasiýasy welosipediň meşhurlygyny birneme pese gaçyrdy.

Ýöne soňradan sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen welosipede bolan gyzyklanma ýene-de artdy. Ýewropada we ABŞ-da welosipede bolan gyzyklanma welosiped syýahatçylygy pudagynyň hem döremegine getirdi. Bu ugurda pudagyň bir görnüşi emele egelip, welosipedli gezelençler guralyp başlandy.

Angliýanyň, Niderlandlaryň we Daniýanyň iri şäherlerinde welosiped giňden ulanylyp, ony dükanlardan dürli harytlary satyn alyp gelmek üçin hem giňden peýdalanylýar. Welosiped köplenç 20 kilometrden uzak bolmadyk aralykda awtoulagyň ornuny tutýan esasy ulag serişdesi bolmagynda galýar.

Welosipediň giňden ýaýramagy bilen welosiped sporty hem döredi. Welosipedli ýaryşlar uly ýollarda, ýapyk we açyk welotreklerde geçirilýär. Ilkinji ýol welosiped ýaryşy 1868-nji ýylda Fransiýa bilen Angliýanyň arasynda geçirildi. ABŞ-da ilkinji welosiped ýaryşlary 1878-nji ýylda geçirildi. 1890-njy ýylda welosiped Ýewropada tomusky sportuň bir görnüşi hökmünde giňden meşhurlyga eýeledi. 1896-njy ýylda ol Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşuldy.

1900-njy ýylda Halkara welosipedçiler geňeşi (UCI) döredildi. Bu gurama sportuň bu görnüşiniň häzirki zaman düzgünlerini emele getirdi. Bu geňeş halkara ýaryşlaryň gözegçiligini amala aşyryp, welosiped rekordlaryny tassyklaýar we hasaba alýar.

Iň meşhur hem-de iň çylşyrymly halkara welosiped ýaryşy “Tur-de-Frans” hasaplanýar. Ol 1903-nji ýyldan bäri yzygiderli geçirilip gelinýär. Onuň geçiş ugry her ýyl üýtgedilýär. Bu ýaryşyň uzynlygy 4000-den 4800 kilometre çenlidir. Ýeňijiniň sary köýnekçesini geýýän welosipedçi dünýäniň iň güýçli welosipedçisi hasaplanýar.

Şu ýerde welosiped barada meşhur adamlaryň aýdan käbir sitatalaryny getirmek hem ýerlikli bolar:

  • Welosiped mydama? Indi bu durmuşyňyzy many bilen doldurýan zatlaryň biri! Her gün welosiped bilen gezleenç edýärin.

                                                                                                                    Jek London.

  • Welosiped hakda näme pikir edýändigimi aýdaýyn. Aýallara erkinlik we garaşsyzlyk duýgusyny berýär. Her gezek tigirli aýal-gyzlaryň geçip barýanyny görenimde durup begenýärin…

                                                                                                             Sýuzen B.Entoni.

  •  Welosiped sporty bilen meşgullanyň. Puşman bolmarsyňyz.

                                                                                                              Mark Twen.

  • Durmuş welosiped süren ýalydyr – deňagramlylygy saklamak üçin hereket etmeli.

Albert Einşteýn.

  • Welosiped adama mälim bolan iň medeniyetli ulag serişdesidir.

                                                                                                            Aýris Merdok.

  • Kim welosipedi oýlap tapan bolsa, şol adamzadyň minnetdarlygyna mynasyp.

                                                                                                  Lord Çarlz Beresford.

 

 Muhammetguly Sapargeldiýew,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniñ Himiya tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniñ mugallymy.

 

 

 

Sport – sagdyn durmuşyň gözbaşy

Ýene-de okaň

Türkmen halky Garaşsyzlyk toýun toýlaýar

Dostlukly gatnaşyklara uzaýan ýollar

Türkmenistan – iri energetika döwleti

Teswirle