JEMGYÝET

Welaýatlarda gurlan awtomenziller açyldy

Şu gün — 24-nji sentýabrda ýurdumyzyň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň merkezlerinde gurlan döwrebap Ýolagçy awtomenzilleri dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi. Açylyş dabaralaryna sanly ulgam arkaly hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu barada “www.turkmenmetbugat.gov.tm” elektrin neşirinde habar berildi.

Mary welaýatyndaky ýolagçy awtomenziliniň kuwwatlylygy bir gije-gündizde 700 ýolagça niýetlenip, ol ýurdumyzyň sebitleriniň arasynda üznüksiz awtobus, döwlet taksileriniň gatnawlaryny üpjün eder. Ýolagçy awtomenziliniň umumy meýdany 3 gektara barabardyr.

Lebap welavatyndaky awtomenzil üçin 3 gektar ýer bölünip berildi. Awtomenziliň binasynyň umumy tutýan meýdany 6349 inedördül metre barabardyr. Iki gatdan ybarat binanyň umumy beýikligi taslama laýyklykda 17,3; uzynlygy 65,13; ini hem 65,13 metre barabar boldy.

Ýolagçy awtomenzilleriniň täsin gurluşyk dizaýny hususy telekeçilerimiziň bu pudakda toplan tejribesiniň örän kämil we döwrebapdygyny görkezýär. Desganyň binalary häzirki zaman ulag-kommunikasiýa desgalaryndan edilýän talaplara doly laýyk gelýär. Awtobuslaryň hereketine gözegçilik edilişi, petekleriň alnyşy, döwrüň talabyna laýyklykda, sanly ulgam esasynda amala aşyrylýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllygynyň öňüsyrasynda açylan täze desgalar hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändiginiň ajaýyp ykrarnamasydyr. Şeýle döwrebap Ýolagçy awtomenzilleriniň naýbaşy senede halkymyza sowgat berilmegi örän buýsançly ýagdaý. Iň bellemelisi bolsa, olaryň ählisiniň birmeňzeş binagärlik çözgüdine eýe bolmagydyr.

Ýene-de okaň

Igor Runow: Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag başlangyçlary möhümdir

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna Özbegistanyň Prezidentinden hat gelip gowuşdy

Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi Aşgabatda geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rejep Taýyp Ärdogany 70 ýaş toýy bilen gutlady