DÜNÝÄ

Warşawada Türkmenistanyň konsullyk edarasy açylar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Gündogar Ýewropa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri Ýewropa sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Hususan-da, Ýewropa Bileleşigine agza bolan Gündogar Ýewropa ýurtlary, ýagny Polşa, Wengriýa, Çehiýa, Rumyniýa we Slowakiýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrligi tarapyndan birnäçe teklipler taýýarlanyldy.

Türkmen-polýak hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen, şu ýylyň 17-nji iýunynda Warşawa şäherinde iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Duşuşygyň barşynda dürli ulgamlarda özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şeýle hem “Türkmenistanyň we Polşanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama” gol çekildi. Gepleşikleriň dowamynda polýak tarapy ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, Warşawada Türkmenistanyň konsullyk edarasyny ýa-da nokadyny açmak meselesiniň oňyn ýagdaýda çözülmegine gyzyklanma bildirdi. Bu teklibi içgin öwrenmek üçin şu ýylyň dördünji çärýeginde ýurdumyzyň degişli döwlet düzümleriniň wekillerini Polşanyň paýtagtyna iş saparyna ibermek teklip edilýär.

Şeýle hem ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn iş toparyny döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda bu ugurda polýak tarapy bilen degişli işler alnyp barylýar. Medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklaryň geljegi, şol sanda muzeýleriň ugry boýunça gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň dowamynda Warşawada ýurdumyzdaky muzeý eksponatlarynyň, şol sanda polýak medeniýetine degişli gymmatlyklaryň sergisini guramak boýunça işleriň geçirilmegi teklip edilýär. Polýak tarapy şu ýylyň 17-nji maýynda Aşgabatda açylan “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda meşhur şahyr Adam Miskewiçiň heýkeliniň oturdylandygy üçin hoşallygyny beýan etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisinde USAID-yň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Wengriýada ahalteke atlarynyň görkezme çykyşlary geçirildi

ABŞ-nyň Türkmenistana bellenen ilçisi Elizabet Rud kasam kabul etdi

Donald Tramp resmi taýdan prezidentlige dalaşgär görkezildi

“Atawatan Media” topary ABŞ-da ýelkenli sport ýaryşyny tomaşa etdi

Türkiýe Respublikasynyň demokratiýa we milli jebislik güni Aşgabatda bellendi