Wan Goguň gymmatly eseri satylar

Suratkeş Wan Goguň ýerine ýetiren “Montmart köçesiniň sahnasy” atly suraty 1887-nji ýylda döredilipdir. Şol wagtdan bäri surat şol bir maşgalanyň agzalaryna degişli bolupdyr. Köp ýyllardan soňra bu suraty 25-nji martda “Sotheby’s” söwda öýünde auksiona çykararlar. Onuň başlangyç bahasy 6,9 million funtdan başlanar. Wan Goguň ýerine ýetiren işleri boýunça hünärmen Martin Baýli “BBC” habar gullugyna şeýle diýýär: “Bize bu suraty ilkinji gezek görmek mümkinçiligi döreýär”.

Şeýle hem söwda öýüniň işgärleri şeýle belleýärler: “Şeýle ýokary we möhüm suratlaryň bazarda peýda bolmagy şübhesiz gaty möhüm waka.”

Montmart köçesiniň sahnasy” atly suratynyň gysgaça hekaýasy…

Wan Gog “Montmart köçesiniň sahnasy” atly suratyny 1886-87-nji ýyllarda döredýär. Şol wagtda ol öz dogany Teo bilen suratda şekillendirilen köçäniň golaýynda ýaşan ekenler. Bu surat döredilen mahaly Montmart esasan Parižiň obasy bolupdyr. Suratda ýerli ýaşaýjylary degirmeniň öňünden ýörap barýany şekillendirilipdir.

Okap bilersiňiz  Ginnesiň rekordlar kitabyna 20 gezek girdi

 

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy