TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Waksina tapylýança, fransuzlar örtükli gezer

Fransiýanyň hökümeti koronowirusa garşy waksina taýýar edilýänçä, ýurtdaky jemgyýetçilik ulaglaryna örtükli (maskaly) münmek barada karar kabul etdi. Bu talap ýurduň raýatlaryna-da, syýahatçylara-da degişlidir. Bu barada BFMTV ýaýlymy Fransiýanyň daşky gurşawy goramak ministri Elizabet Bornyň aýdanlaryna salgylanyp habar berýär.
Ministriň aýtmagyna görä, ýurtda jemgyýetçilik ulaglary barada häzir hem berk kada-kanunlar ýöredilýär. Ulaga münülmezinden ozal, ýolagçylar zyýansyzlandyryş çärelerini geçirýärler, ulagda aralyklar saklanýar. Munuň üçin Fransiýadaky jemgyýetçilik ulaglarynda ýörite çyzykly bellikler edildi.
«Meniň pikirime görä, koronowirusa garşy waksina tapylýança, jemgyýetçilik ulaglarynda örtükli gezilje göwnejaý boljak. Bu keseliň ýaňadan gozgamagynyň öňüni alardy» diýip, ministriň çykyşynda aýdylýar.

Ýene-de okaň

Ärdogan bilen Miller tebigy gaz merkezini döretmegi maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri sylaglandy

6 döwlet Türkmenistana täze ilçi belledi

Ata Watan Eserleri

Teswirle