TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

“Wah, siz aýallar!”:täze spektakl görkezildi

12-nji noýabr güni Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda täze sahna eseri – “Wah, siz aýallar!” spektaklynyň görkezilişi boldy. Bu sahna eseriniň edebi esasyny ýazan Taňryberdi Hojakgaýew, sahnalaşdyran Gülälek Akmyradowa. Biz hem ilkinji görkezilişden tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan spektaklyň baş keşpleri ýerine ýetiren artistler, sahnalaşdyryjy režissýor we tomaşaçylaryň käbiri bilen spektakl hakda söhbetdeş bolduk.

Gülälek AKMYRADOWA – Türkmenistanyň at gazanan artisti:

– Dramaturg Taňryberdi Hojakgaýewiň komediýa žanrynda ýazan birnäçe eseri bar. Biziň bu günki goýýan sahna eserimiz hem şolaryň biri. Biziň bu spektaklymyzyň döreýşi täsin boldy. Aslynda men başga spektakl goýmagy meýilleşdirýärdim. Emma geçen möwsüm tamamlananda teatrymyzda işleýän administratorlarymyz tomaşaçylar üçin ýönekeýden gelen komediýa eserini sahnalaşdyrmagymyzy haýyş etdiler. Men hem eseriň gözlegine çykyp, bu eseri tapdym. Biz bu sahna eserinde är-aýalyň arasynda gatnaşygy, gapma-garşylygy has öňe çykarmak isledik. Munuň üçin hem spektaklymyza “Wah, siz aýallar!” diýip at berdik. Spektaklda jemi 4 sany artist oýnaýar. Olar Türkmenistanyň halk artisti Haýytmyrat Durdyýew (Arslan), Türkmenistanyň at gazanan artistleri Ejebaý Kasymowa (Sülgün – Arslanyň aýaly), Gülşat Tahyrowa (Bilbil – Gaplaňyň aýaly) we ýaş hem zehinli artistimiz Azat Didarow (Gaplaň). Ine, şular ýaly zehinli artistlerimiziň baş keşpleri janlandyrmagynda döredilen spektaklymyz halkymyzyň göwnünden turar diýip umyt edýäris we ildeşlerimizi biziň teatrymyza sahna eserlerimizi tomaşa etmäge çagyrýarys.

Haýytmyrat DURDYÝEW – Türkmenistanyň halk artisti:

– Bilşimiz ýaly, teatrlarda oýnalýan spektakllar žanry, temasy, many-mazmuny boýunça biri-birinden tapawutlanýarlar. Biziň “Wah, siz aýallar!” spektaklymyz komediýa eseri bolup, onuňam gratest görnüşine degişli. Biz sahna eserimizdäki wakalary biraz üýtgedip, häzirki döwrümize görä timarlap döwrebaplaşdyrdyk. Men bu spektaklda Gaplaňyň agasy – Arslanyň keşbini janlandyrýan. Spektakldaky görkezilýän wakalar adaty durmuşdaky ýaly. Bu hem tomaşaçylara has-da gyzykly. Biz hem görkezen bu sahna eserimiziň tomaşaçylara ýarandygyny umyt edýäris.

Ejebaý KASYMOWA – Türkmenistanyň at gazanan artisti:

– Teatryň esasy maksady terbiýeçilik bolup durýar. Adamlar sahna eserlerine tomaşa edip, durmuşyň ajy-süýjüsinden nähili baş alyp çykmalydygyny öwrenýär. Biz hem öz sahna eserlerimizde halkymyza dogry ýoly görkezmäge çalyşýarys. Bu gün goýan sahna eserimiz “Wah, siz aýallar!” hem adamlara zenanlaryň maşgalada nähili uly “güýje” eýedigini görkezýär. Elbetde, zenan maşgalada esasy orny eýeleýär. Muny spektaklymyza gören her bir adam göz ýetirip biler.

Gülşat TAHYROWA – Türkmenistanyň at gazanan artisti:

– Biziň tomaşaçylara görkezýän bu sahna eserimiz – “Wah, siz aýallar!” spektaklymyzdaky wakalar geçen asyryň 80-nji ýyllarynda bolup geçýär. Bu spektaklda maňa Gaplaňyň aýaly Bilbiliň keşbini ýerine ýetirmek ynanyldy. Bilbil bilen Sülgün (eltiler) dil birikdirip, ýoldaşlaryna oýun guraýarlar. Iki eltiniň ýoldaşlary hem bu oýuna ynanýarlar we gyzykly wakalar bolup geçýär. Galan wakalary görmegi we netije çykarmagy tomaşaçylara goýýarys.

Azat DIDAROW – Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň sahna ussady:

– Durmuşda her dürli bolýar. Adam käte olardan baş çykarmagy başarsalar, käte bu başa barmaýar hem. “Wah, siz aýallar!” spektaklymyzda hem, ine, şunuň ýaly ýagdaýlar gozgalýar. Wakalar durmuşylygy bilen has-da özüne çekiji. Ondaky gyzykly ýagdaýlar durmuşyň islendik pursadynda her bir adamyň başyna düşüp biläýjek wakalar. Galanynam tomaşaçylaryň netijesine goýýarys. Olary spektaklymda goýulýan şunuň ýaly gyzykly spektakllary görmäge çagyrýarys.

Şirinjemal ÝEGELEKOWA – Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdebiň mugallymy:

– Kärim boýunça mugallym bolamsoň her bir okuwçynyň öňünde artist bolup, dürli keşpleri janlandyrmaly bolýaryn. Bu işi edip bilmegimde maňa teatrlar, ussat artistleriň ýerine ýetirýän keşplerini synlamagym kömek edýär. Men hem işimden boş wagtym paýtagtymyzdaky teatrlara gidip, goýulýan sahna eserlerine uly gyzyklanma bilen tomaşa edýärin. Olarda ündelýän mowzuklary okuwçylaryň arasynda wagyz edýärin. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülälek Akmyradowanyň sahnalaşdyran “Wah, siz aýallar!” spektakly hem her birimiz üçin örän peýdaly spektakl boldy. Ýerine düşen wakalar, dogry saýlanan artistler spektaklyň täsirini has-da güýçlendiripdir. Ussat režissýory we teatryň ähli agzalaryny üstünlikli görkezilen täze spektakl bilen mähirli gutlaýaryn!

Gülşat ABBASOWA – Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy:

– Men özüm öý hojalykçy bolsam-da, teatra gidip spektakllara tomaşa etmegi örän halaýan. Çagalaryma hem teatra söýginiň döremegi üçin olary hem öz ýanym bilen alyp gelýärin. In, bu gün hem Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda täze spektaklyň goýulýandygyny eşidip, ähli maşgala agzalarymyz bilen bu spektakly görmäge geldik. Spektakl özüniň durmuşylygy, wakalaryň sadalygy, artistleriň özlerine ynanylan keşpleri ussat ýerine ýetirmekleri spektakly has-da gyzykly we özüne çekiji edýär. Men hem ussat artistlerimizi we teatryň ähli işgärlerini watandaşlarymyz gyzgyn garşylanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Maksat  TAGANOW,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby.

Ýene-de okaň

Uly çille

Aşgabadyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi

Iň owadan düýe saýlandy

Ata Watan Eserleri

Teswirle