TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Wagtyň gymmaty

Biz wagty bilmek üçin köplenç sagada seredýäris we “Wagt örän çalt geçdi!” ýa-da “Wagt hiç geçenok!” diýip zeýrenýäris. Wagtyň uzynlygy ýa-da gysgalygy oňa berlen ähmiýete görä kesgitlenýändir. Gadym zamanda ýaşap geçen bir filosofyň aýdan sözi bar: “Bir adam üçin wagtyň uzynlygy onuň ömrüne deň, ini bolsa wagta berýän ähmiýetine deňdir”.

Wagtyň gymmatyna has gowy düşünmek üçin geliň aşakdaky mysallara seredip geçeliň.

Bankda siziň hasabyňyzda pul bar diýip göz öňüne getiriň. Hasabyňyza her gün irden 86,400 manat möçberinde pul geçirilýär. Ýöne bu pullaryň hemmesini agşama çenli sowmagyňyz gerek. Sebäbi ertirki güne hiç zat geçirip bolmaýar. Puluňy ulansaňam, ulanmasaňam agşam hasabyňyzda hiç zat galmaýar. Siz näme ederdiňiz? Elbetde hemme puluňyzy ulanmaga çalyşardyňyz.

Hemmämiz ,,Wagt’’ atly bu bankyň müşderileridiris. Her gün irden 86,400 sekundyň eýesi bolýarys. Bu sekuntlary ertire geçirip bolmaýar. Her gün irden hasabymyz dolar, agşam bolsa boşar. Bulary yzyna gaýtaryp bermeýärler. Sekuntlary ýaşaýan şu pursadyňyz üçin sarp ediň. Gowusy bulary haýyrly işler üçin ulanyň. Saglyk, agzybirlik we üstünlik üçin…

  • Bir ýylyň gadryny bilmek üçin synpyndan galan okuwçydan soraň.
  • Bir aýyň gadryny bilmek üçin 8 aýlyk bäbegi dünýä indiren eneden soraň.
  • Bir hepdäniň gadryny bilmek üçin hepdelik žurnal çykarýan redaktordan soraň.
  • Bir sagadyň gadryny bilmek üçin ýaryna garaşýan oglandan soraň.
  • Bir minudyň gadryny bilmek üçin otludan gijä galan ýolagçydan soraň.
  • Bir sekundyň gadryny bilmek üçin ýol heläkçiligine uçran sürüjiden soraň.
  • Bir sekundyň ýüzden biriniň gadryny bilmek üçin olimpiýada oýunlarynda kümüş medal gazanan ýeňil atletikaçy türgenden soraň.

Bu mysallar bize wagtyň durmuşymyzdaky ähmiýetiniň nähili derejede uludygyny görkezýär.

Taýýarlan Aýmyrat HUDAÝBERDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

 

Ýene-de okaň

Bıtaraplyk- bagtymyz

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Türkmenistan-Koreýa Respublikasy: döwletara gatnaşyklarynyň täze ugry

Teswirle