SIZDEN GELENLER

Wagty netijeli dolandyrmak

  • Wagt öwezini dolduryp, yzyna gaýtaryp, täzeläp, saklap we satyn alyp bolmaýan gymmatly baýlykdy
  • Ýerine ýetiriljek her bir möhüm iş üçin wagt gerekdir.

Wagt – öňde goýan maksatlarymyzyň esasy özenidir.

  • Wagtdan alanyň özüňkidir.
  • Adam tarapyndan gadrynyň bilinmeýän närsleriniň biri hem wagtdyr.

Wagt, kä çalt, käte hem ýuwaş geçýär. Şol sebäpli hem wagty obýektiw (hakyky) we subýektiw (çak edilen, pikir edilen) wagt hökmünde ikä bölünýär. Isleg bir işiň hötdesinden gelmek üçin gereklidir, emma gutarmak üçin başlamak gereklidir.

Wagty tygşytly tutmaga päsgel berýän 11 endik

  1. Öňde goýan maksatlary meýilleşdirmezlik
  2. Esasy öňde goýan maksatlary kesgitlemezlik we tertiplemezlik
  3. Soňa goýmaklyk
  4. Bihuda işlere gümra bolmaklyk
  5. Howlukmak, alňasamak
  6. Netijesiz okamaklyk
  7. Ýok diýmekligi başarmazlyk
  8. Meýilleşdirilmedik duşuşyklar
  9. Gün tertibi bolmazlyk
  10. Kararsyzlyk
  11. Dagynyk, we çalam-çaş stol we iş otagynyň tertipsizligi

Öňde goýan maksatlary meýilleşdirmezlik

  • Öňde goýlan maksady meýilleşdirmezden başlanan işler wagynda gutarmaz we netijede işleri ýaňadan meýilnamalaşdyrmaga wagt galmaz.

Esasy öňde goýan maksatlary kesgitlemezlik we tertiplemezlik

  • Halan işlerimiz
  • Çalt gutarýan işler
  • Aňsat bolan işler
  • Bilýän zatlarymyz
  • Howlukmaç edilen
  • Başgalaryň islegi

 

  • Halamadyklarymyz
  • Uzak dowam etjek işler
  • Kyn bolan işler
  • Bilmeýän zatlarymyz
  • Howlukman edilen
  • Öz islegimiz

Soňa goýmaklyk

  • Soňa goýmaklyk, gijikdirmeklik, soň ederin diýmeklik, häzir edip boljak wagty etmän bir gyra süýşürip goýmaklyk we ýaltalyk adamyň aýdyň geljegine päsgel berjek, şatlygyny we durmuşuny gysgaltjak, her wagt başarjaňlygyny böwetlejek endikdir.

Bihuda işlere gümra bolmaklyk

  • Işlerimizi netijeli ýerine ýetirmek üçin pikir we beden taýdan dynç bomaly. Bu hem diňe tertip-düzgün esasynda işlemek bilen baglydyr.
  • Özlerini bihuda işler bilen meşgul edenleriň maşgalasyna, sporta, gezelençlere we beýleki jemgyýetçilik çärelerine wagty ýokdyr.
  • Meýilnamasyz işleýändikleri üçin netijesiz işlärler.
  • Iň köp wagty öldürerler çünki wagtlaryny tygşytly tutmazlar.

Howlukmak, alňasamak

  • Käbir adamlar wagtyň dartgynly bolmagyny islärler, wagtyň bir ýerde durman hereketli geçmegini islärler, bu adamlara il arasynda “başagaý” adam hem diýilýä
  • Köplenç howlukmaçlyk bilen iş edip iki işli bolarlar.
  • Alňasamaklyk we işi meýilnamasyz we tertipsiz ýerine ýetirmeklik wagty bisarpa tutmaklyga eltýär.

Netijesiz okamaklyk

  • Işleýän stolunyň üstünde işi bilen baglanşykly bolmadyk zatlaryň köp bolmaklygy onyň ünsüni başga ýerlere çeker we işi haýalladar.
  • Gerekli, öz kemçiliklerini doldurjak zerur çeşmeleri okaman, başga zatlar bilen güýmenip wagt geçirer.

Ýok diýmekligi başarmazlyk

  • Eger gyzyklanyp we ýerine ýetirip biljek işleriňizden aşa köpüsini boýun alsaňyz hem öz işiňizi gijikdirersiňiz hem-de beýleki işlerde hiliňiz düşer.

Meýilleşdirilmedik duşuşyklar

  • Işden ünsiňi böler, işden sowaşdyrar,
  • Ýüzbe-ýüz çözmeli meseleleri telefonda çözmek bilen işiň ähmiýetini gaçyrar,
  • Esasy işiňi taşlap boş güýmenmelere elter,
  • Geleniň göwnüne degmejek bolup oňa işiň bardygyny aýdyp bilmezlik,

Gün tertibini bozmazlyk

  • iş tertibi bolmazdan edilen ýygnaklar,
  • gutarmaly sagadynda gutarman uzadan we maksadyna gowuşmadyk ýygnaklar wagt alar.

Kararsyzlyk

  • Bir işi ýerine ýetirmekde kararsyzlyk işi uzaltmaklyk we işgärleriň motiwasiýasyna erbet täsir etmeklik bilen wagt ýitgisine sezewar eder.

Dagynyk, çalam çaş stol we iş otagynyň tertip düzensizligi

  • Dagynyk iş stoly
    • Ýadawlyk emele getirer,
    • Netijesizlik,
    • Baş alyp çykyp bilmezlik,
    • Ýadawlyk orta çykar,
    • Uýgunlaşmak kyn,
    • Keýpiňi we işe hyjuwyňy gaçyrar,
    • Beýleki adamlaryň gözünde gymmatyňyzy düşürer,
    • Özüňe bolan ynamy gaçyrar,
    • Ähli resminamalary bukjalarda tertipläp saklamaly we soňra gerek bolanda aňsat tapyp bolar ýaly edilip aýratyn belgi etmeli.

Wagty gowy ulanmaklygyň üç ýoly

  1. Ähmiýetsiz we kiçi işleri taşlamak
  2. Eden işimizde netijelilik gazanmak
  3. Käbir işleri başkalaryna etdirip biljegimiz adamlary tapmak

Eger wagty gowy ulanyp bilsek:

  • Hünär we mertebe edinmek
  • Okamak
  • Gatnaşmak
  • Diňlemek
  • Pikirlenmek

üçin wagt galar

Hemişeki işlerimizi bellik etmeli

  • Bir ýyllyk bellik depderi ulanyň.
  • Etjek hemişelik meýilnamaly we meýilnamadan daşary işleriňizi, duşuşyklaryňyzy bellik ediň.
  • Duşuşjak myhmanlaryňyzyň adyny, gürleşjek temaňyzy gysgajyk bellik ediň we şol duşuşyga taýýarlykly boluň. Duşuşyk netijeli geçer ýaly bir gezekde tamamlanjak işleri soňa goýmaň.
  • Gutarandan soň netijesi barada bellik ediň.
  • Günüň soňunda sarp edilen wagty jemläň, edilen we edilmedik işleri seljerip öz düşünjäňizi ýazyň.

Iň gowy wagt

  • Özümiziň iň dynç, energiýaly wagtymyzy anyklamaly
  • Günüň iň netijeli wagtyny iň esasy işimize aýyrmaly.

Terjime eden:

Gurbandurdy BAÝMEDOW

Boldumsaz etrabyndaky

32-nji orta mekdebiň taryh mugallymy

 

Ýene-de okaň

Psihologiýa we kämil bilim

Ata Watan Eserleri

Himiýa senagatynyň milli ykdysaydýetdäki orny uludyr

Ankara uniwersitetinde Magtymgulyny öwreniş sapagy

Bilimli nesil – Watanyň daýanjy

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynda dilleriň goşandy

Ýapon diliniň ähmiýeti