“Volkswagen” -den 15 milliard ýewro

Awtoulag öndürijileriniň arasyndaky ägirtleriň biri bolan “Volkswagen” Hytaýda elektrik ulagy öndürmek üçin 15 milliard ýewro maýa goýmaga taýynlanýar. Öňümizdäki 5 ýylda Hytaýda kompaniýa tarapyndan 15 dürli elektrik ulagy öndüriler.

“Volkswagen Group China” tarapyndan berlen beýanatda nemes kompaniýasy “SAIC VOLKSWAGEN, FAW-Volkswagen” we “JAC Volkswagen”-iň bilelikdäki kärhanalarynyň 2020-2024-nji ýyllarda elektron herekete 15 milliard ýewro maýa goýjakdygy mälim edildi.

Beýanatda 2025-nji ýyla çenli Hytaýda “Volkswagen” -iň 15 dürli elektrik modeliniň öndüriljekdigi we kompaniýanyň önümleriniň 35 göteriminiň elektrik modellerinden ybarat boljakdygy bellenildi.

Elektrik ulaglarynyň önümçiliginiň indiki aýda başlajakdygy baradaky beýannamada nemes kompaniýasynyň geljek ýyl Hytaýda elektrik ulagy satuwyny iki esse artdyrmagy maksat edinýändigi mälim edildi.

Okap bilersiňiz  Türkmen alymlary köp gezeklik örtükleri dakynmagyň  peýdalaryny subut etdiler

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.