TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

“Vivo” kompaniýasy Türkiýede ofis açar

Hytaýyň smartfon öndürijisi “Vivo” Türkiýede ofis açdy. Şeýlelikde indi kompaniýa 26-njy awgustda Türkiýede telefon satuwynyň mahabatyny ýokarlandyrar.

Türkiýe ofis açmak işlerini amala aşyrmagy maksat edinýän “Vivo” kompaniýasy Türkiýede 26-njy awgustda geçiriljek çärede täze telefonlaryň satyljakdygyny hem mälim etdi. Tanyşdyryljak täze smartfonlar sentýabr aýynda ulanyjylar bilen duşuşar.

2020-nji ýylyň birinji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 5-nji smartfon markasy bolan “Vivo” ikinji çärýekde öz ornuny “Oppo” brendine berip, 6-njy ýere düşdi. Indi kompaniýa öz ýitgilerini täzeden dikeltmek hem-de kompaniýanyň abraýyny ýokarlandyrmak üçin başga-da birnäçe işleri alyp barýar.

Ýene-de okaň

AŞTU-dan täze hyzmat: IP we internet hasabyňy onlaýn öwrenmek

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Teswirle