Dürli miwedir bakja önümlerine baý bolan türkmen topragynda şu günler üzümiň bol hasyly ýetişdi. Esasna hem tomus paslynyň ahyrynda hem-de güýz paslynyň ilkinji aýlarynda üzüm köpleriň uly isleg bildirýän önümleriniň biridir.
Üzümiň dermanlyk häsiýeti gadymy döwürlerden bäri mälimdir. Ol däneli we dänesiz, gara, sary reňkde bolýar. Üzümiň göwnüçökgünlikde, nerw bozulmalarda giňden ulanylýanlygyny beýan edýär. Häzirki wagtda lukmançylykda üzüm we üzüm önümleri bilen bejeriş üstünlikli ulanylýar.
Üzüm A, В, С, E, PP witaminlere we kalsiý, fosfor, magniý, kaliý, demir, natriý maddalara hem-de glýukoza, saharoza, fruktoza örän baýdyr. Şeýle-de üzümiň düzüminde bakterisid, antioksidant, neýrostimulirleýji, gurplandyryjy, şöhlelenmä, gaýnaglama garşy täsirli we beýleki bejeriji häsiýetli birleşmeleriň 300-e golaýy saklanýar.
Gadymy Ahal topragy özüniň täsin, tebigy gözelligi bilen has gadymy wagtdan bäri köpleriň ünsüni özüne çekip gelýär. Gadymy ekinleriň biri bolan köp görnüşli üzümler özleriniň ýokary hilliligi hemem tagamlylygy bilen dünýäň ýüzünde giň meşhurlyga eýe bolupdyr.
Türkmen güneşiniň çogly nury bilen ýetişýän üzümler halkymyzyň iň oňat görýän gündelik sarp edýän önümleriniň biridir. Üzüm diňe terligine iýilmän eýsem ondan dürli tagamlaram taýýarlanylýar. Üzümden ýokary hilli kişmiş, toşap, mürepbe taýýarlanylýar. Üzüm özüniň melhemlik häsiýeti bilen hem giňden belli bolan önümleriň biridir.
Onuň şiresinde adamyň kadaly ýaşamagy üçin gerek bolan mineral maddalar we mikro elementler jemlenendir. Şol sebäpli hem miwäniň bu görnüşi gadymy döwürlerden bäri lukmançylykda giňden ulanylýar. Ahal welaýatynyň çäginde üzüm ekilen meýdanlaryň möçberi ýylsaýyn artýar.
Golaýda hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkezine baryp gördi we şol ýerde Harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirliginiň üzümiň täze hasylyny ýygnamagyna ak pata bermegi ýurdumyzda üzümçiligiň ösdürilmegine berilýän uly ähmiýetiň subutnamasydyr. Bu ýerde üzümiň 10 görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Olar “kärizek”, “şaserpaý”, “taýpy”, “rowaç”, “türkmen içkimar”, “sary kişmiş”, “sagdäne”, “garrygala”, “akdäne”, “gyzyl üzüm” ýaly görnüşlerden ybaratdyr. Olaryň her biriniň ähmiýetli tarapy bolup, ýokumlylygy we süýjüligi babatda biri-birinden tapawutlanýar.
Laçyn Atamyradowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.