TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Üzärligiň adam saglygyna peýdasy

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri” at­ly yl­my-en­sik­lo­pe­dik ki­ta­byn­da türk­men top­ra­gyn­da bit­ýän der­man­lyk ösüm­lik­ler ba­ra­da gym­mat­ly mag­lu­mat­lar be­ril­ýär. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da müň der­de der­man ha­sap­lan­ýan üzär­lik ba­ra­da hem gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat be­ril­ýär. Üzär­li­giň dü­zü­min­de ada­myň be­de­ni­ne peý­da­ly tä­si­ri­ni ýe­tir­ýän dür­li mad­da­lar, ýag­ny gar­ma­lol, gar­min, pe­ga­nin ýa­ly al­ka­lo­id­ler, ka­liý, mag­niý, de­mir ýa­ly mak­roe­le­ment­ler, mar­ga­nes, al­ýu­mi­niý, ni­kel ýa­ly mik­roe­le­ment­ler sak­lan­ýar.

Bu ösüm­lik mer­ke­zi we çet­ki nerw ul­ga­my­nyň ke­sel­le­rin­de, bo­gun­lar­da­ky gu­ra­gy­ry­da, dür­li ýo­kanç we de­ri ör­tü­gi­niň ke­sel­le­rin­de we so­gul­jan­la­ryň gar­şy­sy­na gö­reş­mek­de peý­da­ly.
Mil­li däp­le­ri­mi­ze gö­rä, türk­men hal­ky toý tu­tan­da, maş­ga­la­da tä­ze bä­bek dün­ýä inen­de, ogul öýe­rip, gyz çy­ka­ry­lan­da, tä­ze ja­ýa gö­çü­len­de üzär­lik ösüm­li­gi how­lu­da, ota­gyň için­de tü­te­dil­ýär. Bu bol­sa döw­let­li­li­gi, rys­gal­ly­ly­gy, go­rag­ly­ly­gy üp­jün ed­ýär. Ata-ba­ba­la­ry­myz ony çog­dam­lap, öý­le­ri­niň gi­rel­ge­sin­de asyp go­ýup­dyr­lar. Üzär­li­giň tüs­se­si­niň adam sag­ly­gy üçin howp­ly bak­te­ri­ýa­la­ry ýok ed­ýän­di­gi köp­le­re mä­lim­dir. Adam­la­ryň köp üýş­ýän ýe­rin­de üzär­li­gi tü­tet­me­giň esa­sy mak­sa­dy dö­räp bi­läý­jek ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­dyr. Oba ho­ja­ly­gyn­da ösüm­lik­le­re zy­ýan ber­ýän mör-mö­jek­le­re gar­şy ulan­mak­da hem üzär­li­giň peý­da­sy ulu­dyr.
Üzär­lik ba­ra­da kä­bir mag­lu­mat­la­r:
Hä­si­ýe­ti. Bu der­man ösüm­li­giň dün­ýä­de 6, Türk­me­nis­tan­da 1 gör­nü­şi duş­ýar. Ösüm­lik baş­ga­ça ýü­zär­lik, is­went, ad­ras­pan, zäl­dirk we tü­telt­gi di­ýip at­lan­dy­ryl­ýar. Üzär­lik – üzär­lik­ler maş­ga­la­sy­nyň ady­bir uru­gy­nyň bo­ýy 30-50 sm-e ýet­ýän köp­ýyl­lyk ot­ju­mak we­ki­li bo­lup, top­rak­da ösen ok pi­sint kö­ki ýer­leş­ýär.
Te­bi­gy go­ry. Üzär­lik ýur­du­myz­da­ky seý­rek ot-çöp­le­riň ha­ta­ry­na go­şul­ma­ýar. Der­man­lyk mak­sat­lar üçin go­ry ýe­ter­lik.
Der­man­lyk çig ma­ly. Luk­man­çy­lyk mak­sat­la­ry üçin üzär­li­giň oty, seý­rek ýag­daý­lar­da to­hu­my der­man­lyk çig mal bo­lup hyz­mat ed­ýär. Onuň otu­ny ir ba­har­da (ap­rel­de) gun­ça­la­ýan wag­tyn­da ýyg­na­ma­ly. Çig ma­ly ada­ty usul­da gu­rat­ma­ly hem taý­ýar­la­ma­ly. Taý­ýar bo­lan çig ma­ly ma­ta ýa-da ka­gyz hal­ta­da sak­la­ma­ly.
Der­man­lyk taý­ýar­la­ny­ly­şy hem ula­ny­ly­şy. Dem­gys­ma­da üzär­li­giň 5-10 dä­ne­si­ni her gün 3 ge­zek ag­zy­ňa at­ma­ly ýa-da ola­ry gaý­na­dyp, su­wu­ny iç­me­li. Oňat gu­ra­dy­lan otu­ny ja­ma sa­lyp ot­la­ma­ly. Tüs­se­si­ne özü­ňi tut­ma­ly, ja­myň üs­tü­ne egil­me­li, tüs­se da­şa­ry çyk­maz ýa­ly üs­tü­ne bir zat at­ma­ly. Şu be­je­riş usu­ly so­wuk­la­ma­dan dyn­ma­ga kö­mek eder. As­gyr­ma we bu­run dy­kyl­ma des­si­ne aý­ryl­ýar. Üzär­li­giň ow­ra­dy­lan otu­nyň 1 na­har çem­çe­si­ni 2 bul­gur (400 ml) gaý­nan suw sal­nan syr­ça­ly ga­byň içi­ne atyp, 10-15 mi­nut­lap pes­saý ýan­ýan ot­da gaý­nat­ma­ly, ha­sa­da süz­me­li. Eme­le ge­len pe­ti en­da­my­ňa çal­saň dü­wür­tik­li ýa­ra­la­ry, dem­re­wi aýyr­ýar. Zä­her­li mör-mö­jek­ler ça­kan­da ösüm­li­giň otu­nyň bir çaý çem­çe­si­ni ýen­jip ýap­ma­ly. Üzär­li­giň 200 gram ow­ra­dy­lan otu­ny 10 litr gaý­nag suw­da 10-15 mi­nut­lap sak­la­ma­ly. Soň­ra ha­sa bi­len süz­me­li. Eme­le ge­len jöw­he­re su­wa dü­şün­seň bo­gun­lar­da­ky gu­ra­gy­ry kö­şeş­ýär. Bu jöw­her dem­re­wi we beý­le­ki de­ri ke­sel­le­ri­ni be­jer­mek­de hem peý­da­ly.

Taýýarlan Döwletgeldi Ilgediýew, TGM-niň Harby institutynyň IV ýyl talyby

Ýene-de okaň

San­ly ul­ga­m has-da kämilleşdirilýär

Bitaraplyk- bagtymyz

Ata Watan Eserleri

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Teswirle