TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi — marafon ýaryşy geçirildi. Oňa atçylyk sporty bilen gyzyklanýan türgenler, ussat seýisler, medeniýet we sungat işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.

Uzak aralyga geçirilýän bäsleşik atlaryň çydamlylygyny, erjelligini, çapyksuwaryň atyň güýjüni doly we dogry peýdalanmagyna gönükdiren ukyp-yhlasyny kesgitleýär. Ýeri gelende bellesek, sportuň bu görnüşi dünýäniň ähli yklymlarynda uly abraýa eýe bolansoň, häzirki wagtda resmi derejä eýedir. Ol özbaşdak görnüş hökmünde Atçylyk sportunyň halkara federasiýasynyň (FEI) düzümine girizildi.

Bäsleşik başlamazdan ozal, badalga meýdançasynda 60 kilometrlik menzili aşmaly bedewlere tomaşaçylar höwes bilen syn etdiler. Ýaryşa goşuljak 19 atyň ady, çapyksuwarlary, ýaryşyň şerti yglan edildi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyndan atlaryň 10-sy, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna degişli atlaryň 5-si, Milli atly sport merkezine degişli atlaryň 2-si, Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli atlaryň hem 2-si bar.

Bäsleşik iki tapgyrdan ybarat boldy. Birinji tapgyrda — 30 kilometrlik ýol geçilenden soň, ýarym sagatlyk dynç berilýär. Şu aralykda atlar doly suratda özüni dürsäp ýetişmeli. Ýörite weterinar lukmanlaryň barlagyndan geçenden soň, bedewler bildirilýän talaplary ödeýän bolsa, bäsleşik üçin kesgitlenen ýoluň belli-belli ýerlerinde gözegçilik edýän ýörite eminleriň duýduryşlary, ýaryşyň düzgünleri çapyksuwarlar tarapyndan bozulmadyk halatynda atlar ikinji tapgyra goýberilýär.

Eminler toparynyň gelen gutarnykly netijesine laýyklykda, uzakçyllygy, çydamlylygy, gaýratlylygy bilen pellehana ilkinji gelen, birinji belgide ýaryşa goşulan, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk sport toplumyna degişli Gaýduw diýen gara at ýeňiji diýlip yglan edildi. 2015-nji ýylda doglan Gaýduw Gerden hem-de Ýelöwser diýen atlaryň neslinden bolup, onuň seýsi we çapyksuwary Toýlymyrat Babaýewdir. Gaýduw 60 kilometrlik menzili 2 sagat 36 minut 21 sekuntda geçmegi başardy. Ýeňiji bedewiň we Toýlymyradyň toý serpaýy Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilýän güni gowşurylar.

Ýene-de okaň

Ermenistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri tamamlandy

Türkmenistanda türki döwletleriň medeniýet hepdeligi geçiriler

Ýurdumyzyň teatrlarynyň hepdelik repertuarlary: 3-4-nji iýun aralygy

Teswirle