SPORT

Uzaga çeken futbol duşuşygy

Koronawirus (Covid-19) epidemiýasy sebäpli 8-nji martdan bäri bes edilen Ispaniýanyň futboly ýurduň taryhynda uzaga çeken futbol duşuşygy bilen täzeden badalga aldy. Çempionatyň 2-nji ligasynda çykyş edýän “Raýo Wallekano” bilen “Albaseta” toparlarynyň arasyndaky 2019-njy ýylyň 15-nji dekabrda oýnalan duşuşygyň ikinji ýarymy  jynsparazlyk wakalary sebäpli ýatyrylypdy.

Şeýlelikde bu duşuşygyň ikinji ýarymy 6 aýdan soň ýagny 5 aý 26 günden soňra täzeden oýnaldy. Ol hem ispan futbolynyň taryhynda iň uzaga çeken duşuşyk hökmünde hasaba alyndy.

“Raýo Wallekano” bilen “Albaseta” toparlarynyň arasyndaky duşuşyga janköýerler kabul edilmedi. Araçäk saklamak şerti bilen 14 sany fotožurnalistlere rugsat berildi. Duşuşygy “Raýo Wallekano” topary 1:0 hasabynda ýeňdi.

Mundan ozal ispan futbolynyň iň uzaga çeken duşuşygy 1989-njy ýylda ýylda “Osasuna” bilen “Real Madrid” toparlarynyň arasynda duşuşykda hasaba alyp, bu duşuşyk 3 aý 5 gün dowam edipdi.

Şeýle hem şu gün Ispaniýanyň ýokary ligasynda (La Liga) hem duşuşyklar geçirilip başlanýar. Ilkinji duşuşyk “Sewilýa” bilen “Real Betis” toparlarynyň arasynda bolar.

Ýene-de okaň

Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryşy geçiriler

Holand 5 gol bilen 54 ýyllyk rekordy täzeledi

BAE-de geçirilen Ýaşlar ligasynyň ýaryşynda türkmen karateçileri iki bürünç medal gazandylar

Ata Watan Eserleri

Messi “Instagramda” 500 million yzarlaýja ýetdi

Meşhur tälimçi Arsen Wengere türkmen halysyny sowgat berildi

Arsen Wenger: Türkmenistana futbolda uly üstünlikler arzuw etdi