TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ATAWATAN ESERLERİ

Üstünlige tarap ýol

Ýaşaýyşda her  bir adam üstünlikli bolmaga çalyşýar, emma üstünlik sözi her adam üçin dürli-dürli bolýar. Her bir adamyň üstünlikli bolmaga öz düşünjesi bar. “Nädip üstünlikli bolmaly?” diýen soragyň belli bir çözgüdi ýok. Her kim üstünligiň belent derejesini özi saýlap alýar.

Üstünlik – bu öňde goýan maksadyňa ýetmek, şol maksadyňa begenmek we şol maksadyňy kabul etmek.

Adamyň öňünde belli maksat bolmaly, we şoňa tarap ymtylmaly. Öňde goýlan maksada ýetmek üçin birnäçe kynçylyklary ýeňip geçip, öz maksadyna ýetýär. Bu üstünligi gazanmagyň birinji ýoly.

Üstünligi gazanmagyň ikinji ýoly, bu gazanylan üstünlige özüň begenmek. Adam ýetilen üstünlikden özi razy bolsa, adamda täze-täze oňaýly duýgudyr-joşgunlar peýda bolup, onuň has-da öňe gitmegine getirýär.

Üstünligiň aýryp bolmajak üçünji ýoly, maksadyňy kabul etmek, adamyň ýerine ýetirýän işine ynamy bolmaly. Adamyň ýetilen üstünligi daş töwerek tarapdan ünsli bolmaly, onuň çeken zähmeti ünssiz galmaly däl.

Ýene-de bellemeli zadymyz, dürli adamlar üçin dürli ýeňişler  üstünlik bolup biler. Meselem, kiçi ýaşly çagalar üçin ilkinji gezek tigirçek sürüp bilmegi başarmak- munuň özi çaga üçin eýýäm üstünlik.

Kimdir birine ol işde ýokary wezipelere ýetmek, kimdir birlerine bolsa, ýakynlaryň sagdyn bolmagy ýa-da maşgala agzybirligi, wepaly dostlar we ş.m. bolup biler.  Ýene-de bir üstünlik, gysga wagtlaýyn bolup, ony lotereýa utmak, bir işiň oňuna bolmagy. Bu gysga wagtlaýyn üstünlik bolup, bu gün bar, ertir ýok. Muňa “şowlulyk” diýip düşünsek hem bolar. Şowlulyk sözi üstünlik sözüniň sinonimi däl, emma üstünlik şowlulyk bilen berk baglanyşyklydyr.

Şu ýerde üstünlik bilen baglanyşykly bir mysal getiresim gelýär. Biz 7-nji synplarda rus dili sapagynda Boris Nikolaýewiç Polewoýyň “Hakyky adam hakynda powestini” geçýäris. Bu real durmuşda bolan waka esasynda ýazylan eser. Sowet Soýuzynyň Gahrymany bolan uçarman Alekseý Maresýew 1942-nji ýylyň aprel aýynyň 4-üne nemesler bilen bolan söweşde ýaralanýar. Uçarman on sekiz günläp aç-suwsuz frontyň liniýasyna süýrenip gelýär. Harby hassahanada onuň iki aýagyny kesip aýyrýarlar. Ýöne ol şol ýagdaýyna garamazdan, hassahanadan çykyp, ýene-de uçaryň şturwalyna oturýar we  her dürli agyr kynçylyklara duş gelip, ýeňiş gazanýar.

Orta mekdepde okaýan 12 ýaşly okuwçylara “Üstünlik näme?” diýip sorag berilende, olaryň birisi  “üstünlik bu şowlulyk, we öz güýjüň bilen arşa galmakdyr”, “Üstünlik bu öz elleriň we öz güýjiň bilen başaran zatlaryňdyr”, “ Ýetilen üstünlik adamy rahatlandyrýar we şowlulyk getirýär”, “üstünlik üçin diňe okamak ýeterlik bolman, eýsem, öňde goýulan işleri oz islegiň bilen etmekdir” diýip öz pikirlerini aýtdylar.

Sözümiň ahyrynda bolsa, belli şahsyýet bolan Tomas Edisonyň aýdan sözlerine salgylanasym gelýär: “Biziň uly kemçiliklerimiziň biri, örän çalt elimizi goýberýänligimizdir. Üstünlige tarap has dogry ýol, hemişe ýene bir gezek synanyşyp görmekdir”.

Gülnara Durdyýewa,  Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 5-nji orta mekdebiniň rus dili mugallymy.

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

Teswirle