TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ATAWATAN ESERLERİ

Üstünlige eltjek ilkinji ädimler

Mähriban jigim! Belki, mekdep döwri iň gowy döwürdir. Sallançakda ýatyrkaň seni hüwdüläp, sallançagyňy üwrän elleri, çagalar bagyna alyp gidýän, seni dogry ýola ugrukdyrmak üçin gije-gündiz saňa öwüt-ündew berýän mähribanyňy, ýagny ejeňi elmydama başyňa täç eýle! Ilkinji gezek mekdebe gadam basan günüňden başlap saňa ýazmagy, okamagy, bilmegi, döretmegi öwredýän ynsana elmydama hormat goý! Çünki ol ynsan seniň mugallymyňdyr! Mugallymlar hem edil ene-ataňa hormat goýşuň ýaly hormata mynasypdyr! Hiç wagt mugallymyň ýa-da ene-ataň käýinse başyňy galdyryp jogap beriji bolma. Diňe bolýa diýip geçiber, çünki bolýa sözi gowy sözdür. Mekdepde okuwçylaryň  arasynda saýlanjak bolma, çünki beýle bolsa beýleki okuwçylaryň gözünden düşersiň. Il bilen deň hatarda bolgun! Başlangyç synpy tamamlap, ýokary synp bolarsyň. Ine, şonda ähli zat üýtgäp başlaýar. Sebäbi ozalky ýaly diňe bir synpda okaman, eýsem aýry-aýry synplarda, aýry-aýry mugallymlar  bilen sapak geçersiň! Döredijilik bäsleşikleri bar diýilse hökman gatnaşgyn. Aýdym aýt, hekaýadyr goşgy düz! Ine, şonda üstünlige tarap ýol ýuwaş-ýuwaşdan özi başlaýandyr. Alçak bol, ýöne agras-da bol! Synpdaşlaryň bilen dawa-jenjel, uruş-sögüş etme, siz elmydama galyp bilmeýäňiz mekdepde, şonuň üçinem dogan ýaly bol! Sapaklaryňy diňle, öý işleriňi et, temany aýt, göreldeli okuwçylaryň hataryna goşul! Seniň suratyň mekdebiň göreldeli okuwçylarynyň suratynyň arasynda parlap, ýalpyldap dursun! Seniň ýaşyňdan uly adamlaryň aýtýan sözlerini diňlemegi başar. Sebäbi hiç bir ynsan diýib-ä biljek däl, ýöne maşgalaň, eneň-ataň we mugallymyň ýamanlygy ýokdur. Ýeke bolma, mekdebiň öýüň bilen bolmagam unutma. Synpda gürrüňe goşulyp biriniň üstünden düşüp gep aýtma, seniň içiňde ýatmadyk iliň içinde-de ýatmaýar. Köpçülige goşul ýöne, ýeke oturanyňdan gowudyr. Çünki ýekelik Beýik Biribara mahsusdyr. Sen nirede bolsaňam edebiňi saklamalysyň. Mekdepde geçýän bäsleşiklere gatnaş, mekdepde, şäherde, welaýatda, döwletde orun aljak bol. Şonda sen iň bagtly adam bolarsyň. Okuwyň soňky ýyllary gynançly bolýar. Indi näme her geçen sagadyň seniň taryh atly kitabyňda altyn harplar bilen ýazylýar. 25-nji maý güni ähli adamlar jemlenen okuwçylaryň ýarysy gaýgyly, ýarysy şatlykly aý garaz aýdanyňda uçurym bolup uçup gidýärler. Senem durmuşyň şular ýaly zatlardan ybarat bolmaly.

Mekdepden soň ýokary okuwa girersiň. Ýokary okuwa girmek üçin ymykly taýýarlan. Men hem şu wagt ýokary okuwa girmek höwesim bar. Şonuň üçin hem mekdep döwründen başlap taýýarlanyp başladym. Ýaryşlara, döredijilik bäsleşiklerine gatnaşyp nesibämde bolsa-ha orun alýan. Ýogsam-da her zadyň öz nesipli güni bardyr elbetde. Bilýän sen diňlemegi halaýarsyň, meniň saňa ýazan şu hatymy hem okarsyň diýip umyt edýän. Meniň saňa aýdan zadymy öz deň-duşlaryňa gürrüň ber. Goý, olar hem seniň aýdan zadyňa eýerip, diňläp, öz geljeklerinde üstünlige ýol açsynlar. Mekdepdäki synpdaşlaryňyz bilen öňüňizde bir maksat goýuň. Hemmäňiz maslahat edip ýolbaşçylar bilen gürrüňdeşlik geçiriň. Olara mekdepde öz araňyzda baýramçylyklara bagyşlap çäre geçirjegiňizi aýdyň. Hemmäňiz biragyzdan çäre geçirip, oňa hem işjeň gatnaşyň. Öz mekdep döwrüňizi gyzykly geçiriň. Goý sizden soňra mugallymlaryňyz, kiçi synpdakylar sizi ýatlasyn we sizden bir at galsyn. Biziň synpymyz kiçiligimizden bäri çärelerde orun alyp hemmetaraplaýyn ähli synplardan saýlanýardyk, şu wagt hem şeýle. Men ähli diýib-ä biljek däl, ýöne käbir adamlar hat ýazanda öz içki pikirini beýan edýärler. Men hem şolar ýalylaryň biri. Men, menden kiçilere öwüt-ündew edip, ýardam bermegi halaýaryn. Şonuň üçin meniň aýdan zatlarymy ýerine ýetirseň hökman bir gün üstünlige ýetersiň. Üstünligiň ilkinji ädimleriniň meniň aýdanlarym bilen başlaýandygynam üstünlige ýetip ugranyňda bilersiň! Saňa durmuşda üstünlik arzuw edýärin, mähriban jigim!

Gültäç BEGINÝAZOWA, Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy.

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

Teswirle