TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

USAID Türkmenistanda hyzmatdaşlygyny giňeldýär

2019-njy ýyldan başlap, “Ýeňme” jemgyýetilik guramasynda ýaşlaryň hünär başarnyklaryny ösdürip, kämilleşdirmek üçin hünär okuw merkezi işleýär. Geljekdäki käri saýlamakda hünär ugrukdyrylyşy örän möhümdir. “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasynyň halypalarynyň wezipesi diňe bir saýlanan hünäri öwretmek bilen çäklenmän, eýsem okuw merkezini tamamlanlara zähmet bazarynda isleg bildirilmegi üçin geljekki hünäri barada maglumat bermekden hem ybaratdyr. Gowşak toparlardan bolan ýaşlary we aýal-gyzlary hünär saýlamakda we hünär taýýarlygynda ugrukdyrmak, USAID tarapyndan maliýeleşdirilýän we Yeňme jemgyýetçilik guramasy tarapgyndan amala aşyrylýan “Merkezi Aziýada Howpsuz Migrasiýa” taslamasynyň çäginde durmuşa geçirilýän reintegrasiýanyň aýrylmaz bir bölegidir.

Anjali Kaur, ABŞ-nyň Halkara Ösüş Agentliginiň (USAID) Aziýa işleri boýunça Býurosynyň Dolandyryjysynyň kömekçisiniň orunbasary okuw merkezine baryp,  merkezde okaýanlara, ýagny, ýaşlara, şol sanda aýal-gyzlara üstünlik we täze hünär mümkinçiliklerine eýe bolmaklaryny arzuw etdi. Türkmenistanyň durmuş we ykdysady abadançylygyny kämilleşdirmek üçin ýaşlaryň hünär mümkinçiliklerini ösdürmek örän möhümdir.

Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyl üçin Durnukly Ösüş Maksatlary, başarnyklary ösdürmek bilen migrasiýa arasyndaky möhüm baglanyşygy ykrar edýär. Şuňa meňzeş taslamalar başarnyklary öwretmek we maýa goýumlary arkaly migrantlara we olaryň jemgyýetlerine möhüm peýdalar getirýär.

USAID, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlykda has gowy iş mümkinçiliklerini, iş şertlerini, howpsuz migrasiýany öňe sürüp, migrantlaryň, esasanam aýal-gyzlaryň hünär derejesini ýokarlandyrýar. Bu esasanam pandemiýadan soňky kyn döwürde migrantlaryň iş gözleýän döwründe has möhümdir.

USAID bilen hyzmatdaşlyk, merkeziň okuwçylarynynyň mümkinçiliklerini artdyryp, olary dokma we konditer önümçiliginde işlemäge taýýarlar, şeýle hem şahsy başarnyklaryny ösdürer we howpsuz migrasiýa barada maglumat berer. Mundan başga-da,  olar “Yenme” jemgyýetçilik guramasynyň üsti bilen, Aşgabatda we beýleki welaýatlarda ýerleşýän iş berijiler we kärhanalaryň iş mümkinçilikleri barada goldawy alarlar we şeýlelik bilen ýurtda bilimli we ökde hünärmenleriň saklanmagyny üpjün ederler.

Türk Howa Ýollarynyň Türkmenistandaky wekilhanasy we “Iş Nokady” kompaniýasy bu başlangyja tikin we konditer enjamlaryny sowgat edip, öz goşantlaryny goşdylar.

 

Ýene-de okaň

Tbiliside Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň mejlisi geçirildi

Türkmenıstanda maşgalalary berkitmek boýunça halkara hyzmatdaşlyk

Ata Watan Eserleri

Hormatly Prezidentimiz Türkiýäniň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy

Teswirle