TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

USAID Türkmenistanda CCNA boýunça halkara sertifikatlaşdyrmagy goldaýar

2022-nji ýylyň 15-nji noýabry, Aşgabat, Türkmenistan – Şu gün Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentligi (USAID), Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy (DGA) bilen hyzmatdaşlykda maglumat tehnologiýalary (MA) boýunça hünärmenler üçin niýetlenen sanly ulgamlaryň dolandyryşy boýunça 10 günlük okuw-maslahatyna başlady. Bu kurs türkmen hünärmenlerine maglumat ulgamalrynyň esaslary, internet protokolyna (IP) birikmek, kiberhowpsuzlygyň esaslary, awtomatizasiýa, sanly ulgamlaryň programma üpjünçiligi we beýleki sanly hyzmatlar barada bilim berýär. Bu okuw-maslahaty “Cisco Certified Network Associate” (CCNA) halkara onlaýn synagy bilen tamamlanar we türkmen hünärmenleri halkara IT sertifikatyny alarlar.

Ýurduň ykdysadyýetini sanlaşdyrmak Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bu babatda USAID ýurduň döwlet dolandyryş ulgamyna dolandyryşyň innowasion usullaryny we dünýä derejesindäki sanly çözgütleri ornaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlyk edýär. Hususan-da, USAID-iň DGA bilen alyp barýan işleri Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň sanly ulgamlaryny kämilleşdirmek we dolandyrmak boýunça ýokary derejeli hünärmenleriň zerurlygyny kanagatlandyrmaga ýardam berýär.

USAID-iň Türkmenistandaky wekili hanym Nino Nadiradze şeýle belledi: “Halkara MA jemgyýeti bilen türkmen hünärmenlerini tanyşdyrmak, bilim alyşmak we MA pudagynyň öňdebaryjy tejribesini Türkmenistanyň döwlet dolandyryş ulgamyna ornaşdyrmak boýunça Döwlet gullygy akademiýasy bilen hyzmatdaşlyk etmek biziň üçin uly hormatdyr”.

USAID tarapyndan maliýeleşdirilýän we QED Group LLC tarapyndan ýerine ýetirilýän “Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek” taslamasy Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlykda öz işini alyp barýar.  Bu taslama ýurdumyzdaky döwlet edaralarynyň netijeliligini, hasabatlylygyny we aýanlygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

###

USAID – öňdebaryjy halkara ösüş guramasy hem-de durnukly ösüşiniň ýardam berijisi.  Has giňişleýin maglumat almak üçin USAID-iň Merkezi Aziýa https://www.usaid.gov/central-asia-regional  web-sahypasyna giriň.

Ýene-de okaň

Türkiýede bilim almak isleýänler üçin wajyp maglumat: ÝÖS synagy haçan?

Baş Redaktor

Talyplyga dalaşgärler harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürip bilýär

Amerikanyň sözlügi 2022-nji ýylyň sözüni saýlady

Teswirle