BIZNES

USAID kiçi we orta işewürligiň wekilleri üçin sanly we maliýe sowatlylygy boýunça webinary gurnar

Telekeçiligi we işewürlik gurşawyny ösdürmek boýunça USAID taslamasy DAMU Telekeçiligi ösdürmek gaznasy, “Fintech Hub” we “Mastercard” kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda webinarlary dowam edýär.

29-njy iýunda “Siziň onlaýn işewürligiňiz üçin elektron tölegler” atly üçünji okuw onlaýn okuw maslahaty geçiriler. Oňa gatnaşyjylar sanly tölegler, olaryň artykmaçlyklary we onlaýn işewürlikde ulanylyşy hakyndaky doly maglumaty alarlar.

Gazagystan Respublikasynyň Söwda we integrasiýa ministrliginiň ýardam etmeginde gurnalan bu çäreler kiçi we orta işewürligiň wekilleri üçin niýetlenilendir hem-de sanly we maliýe sowatlylygynyň ýokarlandyrylmagyna, şeýle hem kiçi we orta işewürlige elektron täjirçilige geçmäge we gatnaşmaga ýardam etmeklige gönükdirilendir.

Öň “Mahabat we sanly öňe gidişlik” we “Işewürlikden elektron işewürlige çenli” atly webinarlar geçirildi.

Zoom platformasynda webinaryň geçirilýän wagty: 15:00 – 16:30. Iş dili: rus dili; gazak we iňlis dillerine sinhron terjime ediler.

Çeşme: tstb.gov.tm

Ýewro-2020: 28-nji iýundaky duşuşyklar

 

 

 

 

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda ulanmaga beriljek desgalar

Türkmenistan 2024-nji ýyldaky eksporty 12 milliard dollardan geçdi

Türkmenistanda 77 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistanda Azerbaýjanda öndürilen önümleriň onlaýn satuwy başlandy

2025-nji ýylda Türkmenistanda 3000 täze iş orny dörediler

Türkmenistanda täze maliýe we ykdysadyýet ministri wezipä bellendi