TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
HABARLAR

USAID 12-NJI MERKEZI AZIÝA SÖWDA FORUMYNY GAZAGYSTANDA GEÇIRÝÄR

Astana, Gazagystan, 2022-nji ýylyň 12-nji oktýabry – Bu gün ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasy (USAID) “Gümrük hyzmatlaryny sanlaşdyrmak: Kagyzsyz söwda ýoly” atly 12-nji Merkezi Aziýa söwda forumyny Gazagystanyň Astana şäherinde geçirýär.  Bu arabaglanyşygy we söwdany ösdürmek boýunça wajyp iki günlik halkara çäre bolup durýar.Bu Foruma sanly çözgütleri we hyzmatlary ösdürmek, ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak (uly maglumatlary ulanmak, telematika we bulut hyzmatlaryny ulanmak), iş netijeliligini ýokarlandyrmak we gümrük hyzmatlarynyň işine täzeden garamak boýunça alnyp barylýan işleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Merkezi Aziýanyň gümrük edaralarynyň wekilleri gatnaşdy.  Merkezi Aziýanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Koreýanyň, Latwiýanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň gümrük edaralarynyň 200-den gowrak wekili ösen sanly gurallaryň we tehnologiýalaryň giň toplumyny öwrenmek maksady bilen bir ýere ýygnandy.USAID-iň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň ykdysady ösüş bölüminiň müdiri, Laura Çizmo:  “Bu söwda forumy 2011-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýär.  Şeýlelik bilen, forum ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda 20-nji asyrda başlanan hyzmatdaşlyk däbini dowam etdirýär” diýip belledi.

Merkezi Aziýa söwda forumy USAID-iň Merkezi Aziýa söwda maksatnamasynyň Gazagystan Respublikasynyň Maliýe ministrliginiň Döwlet girdeji komiteti, Gyrgyz Respublikasynyň Maliýe ministrliginiň garamagyndaky Döwlet gümrük gullugy, Täjigistan Respublikasynyň hökümetiniň gümrük gullugy, Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komiteti we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ), şeýle hem Astana Times, “Biznes Dünýa” žurnaly, Gazagystanyň Kapital.kz metbugat kluby, Profit.kz we Trans Logistika bilen hyzmatdaşlykda gurnaldy.

Gatnaşyjylar gümrük sanly reforma meýilnamasyny; soňky täzelikleri we sanly hukuk goraýjy edaralaryň roly; tranzit kuwwatyny we söwdany ýeňilleşdirmek üçin sanlaşdyrmagy çaltlaşdyrmak; halkara Transhazar ulag ýolyny; halkara üstaşyr ulgamlaryny; milli komitetleriň çäklerinde söwdany ýeňilleşdirmek, gümrük syýasatyny we durmuşa geçirilmegini gowulandyryp biljek, ýygymlary we salgytlary ýygnamagy we öňünden maglumat alyşmagy artdyryp biljek, korrupsiýa garşy çäreler arkaly sebitleýin hyzmatdaşlyk ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.Merkezi Aziýa uly özgerişlikleri başdan geçirdi.  Diňe soňky bäş ýylda sebitara söwdanyň mukdary iki esse artdy.  Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşarky dünýä bilen söwdasy hem depginli ösýär.  Bäş ýylda söwda 54% ösdi we häzirki wagtda 167 milliard dollara barabar boldy.  Söwda häzirki wagtda tutuş sebitde ykdysady ösüşiň esasy faktory bolup durýar.Soňky on ýylyň dowamynda USAID bu möhüm forumyň üsti bilen aragatnaşygy gowulandyrmak, bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak, Merkezi Aziýada çalt depginde ykdysady dikeldiş we durnuklylyk üçin söwdany giňeltmek maksady bilen 42-den gowrak ýurtdan 10 000-den gowrak gatnaşyjyny hyzmatdaşlyk üçin birleşdirdi.

                                                                                    ###

USAID dünýäde öňdebaryjy halkara ösüş gullugy we ösüş netijelerine ýetmek üçin katalizator bolup durýar.  Has giňişleýin maglumat üçin USAID-Merkezi Aziýa web sahypasy: https://www.usaid.gov/central-asia-regional we Facebook sahypasyna girip bilersiňizhttps://www.facebook.com/USAIDCentralAsia.

Ýene-de okaň

USAID ekologiki auditi baradaky Türkmenistanyň kanunçylygyny goldaýar

Ata Watan Eserleri

Türkiýe döwletine ýeňillikli wiza düzgüni ýatyrylýar

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy

vepa

Teswirle