TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Uruş gahrymanlarynyň miras goýan mertligi

Gahrymanlarymyzyň saýasynda gülläp ösýän döwletimiz Mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan ykdysady syýasy işleri bedew bady bilen öňe barýar.

«Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgämize laýyklykda zähmetsöýer, gujur-gaýratly, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagy, Garaşsyz döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ynamly ösýän, abraýly döwletleriň biri hökmünde dünýäde doly ykrar edilmegi üçin tutumly işler, örän möhüm özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň her bir raýaty, aýratyn-da, pähim-parasatly öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary bilen jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini has-da pugtalandyrmaga, ýaş nesilleri watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge saldamly goşant goşýan uruş we zähmet weteranlarymyz — paýhasly ýaşulularymyz, ojaga wepaly eziz enelerimiz hakynda uly alada edýäris. Olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga döwlet derejesinde uly üns berilýär. Her ýyl 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş mynasybetli uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryna döwletimiz tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Diýarymyzda täze gurlan we durky täzelenen dynç alyş öýlerinde, şypahanalarda, hassahanalarda uruş we zähmet weteranlaryna köp sanly durmuş ýeňillikleri döredilýär.

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy söýmegi, ynsan mertebesini belent tutmagy, ene-ata sarpa goýmagy ündeýän, ak ýürekli, lebzihalal, zähmetsöýer, belent ahlakly bolmagy wagyz edýän, hakyky watançylary terbiýelemekde görelde bolýan ýaşuly nesillerimiz biziň buýsanjymyzdyr.

Türkmenistanda bu ýylda hem Ýeňiş gününiň 76 ýyllygy giňden bellenilýär. Şanly waka mynasybetli ýurdumyzyň ähli obalarynda we şäherlerinde, asylly däbe görä, gazaply jeňlerde wepat bolan edermen gahrymanlaryň sarpasy belent tutulyp, weteranlar aýratyn hormat-sarpa bilen gurşalýar.

“Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň ýanynda köp sanly aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary dünýäniň ähli halklarynyň häzirki hem-de geljekki nesilleriniň röwşen durmuşy ugrunda söweş meýdanlarynda wepat bolanlary ýatlamak üçin ýygnandylar. Ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdançada weteranlar bilen egin-egne berip, ýaş esgerler hem durlar, olar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň serhetlerini we Watanymyzyň asuda asmanyny mynasyp goraýarlar.

«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň meýdançasynda 1941-1945-njy ýyllaryň urşunda wepat bolan gahrymanlara çuňňur sarpanyň nyşany hökmünde uruş weteranlary, jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem zähmet toparlarynyň köp sanly wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary “Baky şöhrat” ýadygärliginiň etegine gül desselerini goýýarlar, olaryň hatarynda uruş gahrymanlarynyň – biziň şöhratly ildeşlerimiziň ogullary we gyzlary, agtyklary we çowluklary bar.

1941-1945-nji ýyllaryň urşunda ildeşlerimiziň müňlerçesi deňi-taýy bolmadyk mertlik, harby borja, Watana wepalylyk görkezdiler. Watanymyzyň erkinligini hem-de garaşsyzlygyny goran edermen we gaýduwsyz esgerler baradaky şöhrat halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy, milli gahrymanlaryň atlary “Hatyra” we “Şöhrat” ýadygärlik kitaplarynda edebileşdirildi.

Ýyllar geçýär, emma häzirki we geljekki nesilleriň kalbynda Ýer ýüzünde asuda asmanyň we parahat durmuşyň hatyrasyna başyny goýan millionlarça adamyň gahrymançylygy, adamzadyň paýyna düşen gazaply synaglar we jebri-jepalar, görkezilen edermenlik, batyrlyk, gaýduwsyzlyk hakyndaky hakyda hemişelik saklanar. Biziň atalarymyzyň geçen gahrymançylykly durmuş ýoly watançylygyň, mähriban topraga wepalylygyň hem-de mukaddes Watana gulluk etmegiň mekdebidir.

 

Amangeldi HOJAMBERDIÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň  mugallymy.

 

 

9 çagany dünýä inderdi

 

 

 

 

Ýene-de okaň

03-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk jemlendi

Pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

Teswirle