TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň mejlisi geçiriler

Şu ýylyň 29-30-njy noýabrda Aşgabat şäherinde Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň nobatdaky 11-nji mejlisi we onuň çäklerinde işewürler maslahaty geçiriler.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde hasabat berildi.

Bu çärelere esasan hem agajy, plastigi we demiri gaýtadan işleýän senagat pudaklary, oba we suw hojalygy, azyk senagaty, saglygy goraýyş we beýleki pudaklar üçin ýokary tehnologik enjamlary öndürýän maşyngurluşyk kärhanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem sanly ulgam we elektron programma üpjünçiligi, daşky gurşawy goramak, medeniýet, ylym-bilim ugurlarynda iş alyp barýan kompaniýalar gatnaşar.

Forumyň meýdançalarynda türkmen işewürleriniň we Awstriýanyň kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär.

 

Ýene-de okaň

Döwlet býujeti: çykdajylaryň 75 göterim durmuş ulgamyna gönükdiriler

Internet paketleriniň täze nyrhlary: Türkmenistan

Baş Redaktor

Altyn teňňeleri satyn almak üçin ilkinji bankomat

Teswirle