TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

UNCTAD we IRU wekilleri bilen maslahat

BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (ÝUNKTAD ýa-da UNCTAD ) hem-de Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) wekilleri bilen maslahat geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we pudak edaralary, şol sanda, Daşary işler ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň we «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Wideomaslahatyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň ÝUNKTAD hem-de Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi bilen ulg daşamalary we gümrük gözegçiligi ugurlarynda hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ýurdumyzda girizilen «ASYCUDA» integrirlenen gümrük maglumatlarynyň ulgamy boýunça meselelere seretdiler.

Mundan başga-da, onlaýn-gepleşiklere gatnaşyjylar halkara maksatly ýükleriň deslapky ýagdaýda jarnamalaşdyrylmagynyň ulgamyny – TIR-EPD hem-de awtomobil ulaglaryny hem-de ýurdumyza girýän we üstaşyr geçýän ýükleri hasaba almak boýunça elektron resminamalary deslapdan girizmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Hytaýyň Başlygy Si Szinpin Saud Arabystanyda

Türkmenistan bilen Russiýa 15 resminama gol çekişdi

Türkmenistan-Russiýa: ylalaşyklaryň toplumyna gol çekiler

Teswirle