28/11/2020 18:22
Home UMUMY ÝB-MA-Owganystan formatynda hyzmatdaşlyk

ÝB-MA-Owganystan formatynda hyzmatdaşlyk

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň Daşary syýasat gullugynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidiň derejesinde ÝB-MA-Owganystan formatyndaky mejlis göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi.

Nobatdaky duşuşyga Owganystanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mirwaýis Nab, Gazagystanyň Daşary işler ministriniň orunbasary – M.Syzdykow, Gyrgyzystanyň Daşary işler ministriniň orunbasary – A.Madmarow, Täjigistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary – M.Huseýnzoda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary – W.Hajiýew, Özbegistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary – Ş.Asadow gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň depgini, howpsuzlyk ulgamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ýewropa Bileleşigi bilen özara hereketiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» Mejlisiniň ministrler derejesindäki nobatdaky tapgyryna hem-de ÝB-MA formatyndaky Ýaşyl ykdysadyýet boýunça Birinji Foruma görülýän taýýarlyklaryň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Umumy ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin täze Strategiýasynyň netijeli durmuşa geçirilmegi maksady bilen geljekki köpugurly özara hereketleriň işjeňleşdirilmegi dogrusynda pikirler alyşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew taraplaryň özara gyzyklanma bildirýän ugurlarynyň ählisi boýunça ÝB-niň Merkezi Aziýa ýurtlary we Owganystan bilen özarabähbitli gatnaşyklarynyň has hem giňeldilmeginiň we pugtalandyrylmagynyň zerurlygyna aýratyn üns çekdi.

Okap bilersiňiz  Zehinli sungat işgärleri dünýä jemgyýetçiligine tanadylar

Bu ugurda W.Hajiýew Ýewropa Bileleşiginiň «BOMKA», «KADAP» maksatnamalarynyň, şeýle-de ÝB – Merkezi Aziýanyň kanunyň hökmürowanlygy boýunça sebitleýin platformasynyň netijeli durmuşa geçirilmeginiň derwaýyslygyny belläp geçdi.

Türkmen tarapy durnukly ösüş, howpsuzlyk we ykdysady öňegidişlik ulgamynda sebitleýin hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn üns berdi.

Okap bilersiňiz  “Alibaba”-ny esaslandyryjy Jek Manyň üstünlik ýoly...

Bu babatda Owganystanda asuda raýat jemgyýetiniň gurulmagyny, şol sanda ýurduň parahatçylykly ösüş ulgamyna sazlaşykly integrirlenmegini gazanmak maksady bilen köptaraplaýyn gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagynyň derwaýyslygy nygtaldy. Türkmenistanyň goňşy döwletdäki ýagdaýlaryň kadalaşdyrylmagy ugrundaky tagallarynyň oňyn tejribesi, şeýle-de türkmen döwletiniň owganara gepleşikleriniň geçirilmegi üçin syýasy giňişligiň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyjy aýratyn bellenildi.

ÝB-niň Daşary syýasat gullugynyň Baş sekretary hanym Helga Şmid Ýewropa Bileleşiginiň BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işini goldaýandygyny we ileri tutýandygyny, şol sanda geljekde hem Merkeziň alyp barýan işlerine ýakyndan ýardam etmäge meýillidigini aýratyn nygtady.

Onlaýn-forumyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar şeýle-de pandemiýanyň durmuş-ykdysady netijelerini ýeňip geçmekde umumy tagallaryň utgaşdyrylmagynyň, ýüze çykýan täze şertlerde ilatyň durmuş taýdan goraglylygynyň üpjün edilmeginiň, şol bir wagtda Merkezi Aziýa sebitinde ýaşyl ykdysadyýete geçmegiň barşynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň aýratynlyklary ýaly derwaýys meselelere jikme-jik seredip geçdiler.

Okap bilersiňiz  Goşulyşmazlyk Hereketiniň saglyk ministrleriniň duşuşygy

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  Türkmendeňizderýaýollary Ajansına Başkan seçildi

IŇ TÄZE HABARLAR

Maradonanyň ýadygärligi gurlar

Argentinanyň Buenos-Aýres  şäheriniň merkezi halkara howa menzilini dolandyrýan “Aeropuertos Argentina 2000” kompaniýasy, howa menziliň çäginde ýakynda aradan dünýä belli futbolçy Diego Maradonanyň ýadygärligini gurmak...

“Square” 3 günde üç rekord goýdy

Amerikanyň “Square” maliýe hyzmatlary kompaniýasyny 2009-njy ýylda “Twitter” jemgyýetçilik toruny esaslandyran Jek Dorsi we Jim MakKelwi tarapyndan döredildi. 2020-nji ýylda bu kompaniýanyň paýnamasy birden...

Döwürleýin neşirlere diňe pensionerler ýazylyp bilýärler

Kagyz görnüşindäki gazetleriň we žurnallaryň döwri kem-kemden geçmişe öwrülip barýar. 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistandaky gazet-žurnallary abunaçylar elektron görnüşinde okap başlarlar.  Kagyz görnüşindäki gazet-žurnallara...

Türkmen Edebiýatynda “Mugallym” Düşünjesi

“Mugallymlar güni we hepdesi” baradaky makalamyza dowam edýäris.
Okap bilersiňiz  Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklary näme?
Giriş ýerine: Türkmenlerde “ataly-ogul” düşünje talantlylygy, pähim-paýhas ussatlygy bilen baglanyşykly soňky döwre degişli halkara derejesinde nusga görkezilip...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkmenistan bilen “Mir” teleradiokompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Mir» Döwletara teleradiokompaniýasynyň Başlygy R.Batyrşin bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar maglumat alyşmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň...

Amyderýa Hazynasynyň Syry

Gözlegler  we  açyşlar Gadymy  Gündogaryň  taryhynda  aýratyn  orna  mynasyp  bolan  zergärçilik  sungatynyň  nepisligi, sünnäligi  bilen  tapawutlanan  nusgalary  adamzat  geçmişiniň  bütin  dowamynda  özüniň  kämillik  ýoluny  geçipdir....

«Baýlar hem aglaýarlaryň» baş gahrymany aradan çykdy

«Ýabany bägül» we «Baýlar hem aglaýarlar» köp bölümli filmleriniň ýyldyzy, meşhur meksikaly akrtisa Maleni Morales aradan çykdy. Bu barad Meksikanyň Milli aktýorlar assosiasiýasy habar...

Mugallymlar güni we hepdesi

Giriş ýerine: “Atavatan Türkmenistan” halkara  žurnalynyň hormatly okyjylary!  Doganlyk Türkiýe döwletinde 24-30-njy noýabr “Mugallymlar güni we hepdesi” diýlip ýörite bellenilýär. Şonuň üçin biz-de bu dabaraly...