17/01/2021 4:15
Home UMUMY Türkmenistanda Bitaraplyk gününiň çäreleriniň geçiş tertibi

Türkmenistanda Bitaraplyk gününiň çäreleriniň geçiş tertibi

Türkmenistanyň çäklerine ýiti ýokanç keselleriň gelmeginiň hem-de ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli noýabr-dekabr aýlarynda geçiriljek baýramçylyk çärelerine gatnaşyjylaryň sanynyň çäklendirilmegi babatda karar kabul edildi. Bu barada “orient.tm” internet saýtynda bellenilip geçilýär.

Habarda bellenilip geçilişi ýaly, hususan-a 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda meýilleşdirilen sungat ussatlarynyň halkara konserti, ýaş estrada aýdymçylarynyň arasynda geçirilýän “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň jemleýji konserti, ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda Täze ýyl mynasybetli çagalar üçin niýetlenen baýramçylyk dabarasy telewizion konsert görnüşinde tomaşaçylar bolmazdan geçiriler.

Şeýle hem dünädäki çylşyrymly epidemiologik ýagdaý göz öňünde tutulyp, hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sport ýaryşlary we umumy döwlet senenemasynda meýilleşdirilen ähli sport çäreleri ähli sanitar we öňüni alyş çäreleri berk berjaý edilip, tomaşaçysyz geçiriler.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ýiti ýokanç keselleriň gelmeginiň hem-de ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen birnäçe çäklendirme çäreleri alnyp barylýar. Otly we şäherara awtobus gatnawlary togtadyldy. Halkara uçar gatnawlary 2020-nji ýylyň ahyryna çenli saklandy.

Türkmenistanda täze çäklendirmeler

Okap bilersiňiz  Türkmenistan Milan şäherinde Söwda wekilhanasynyň açmakçy

Okap bilersiňiz  8-nji marta bagyşlanan Greta Tunberg

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmen türgeniniň mynasyp “altyn” medaly

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýyla paýtagtymyz Aşgabatda agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty geçirilipdi. Bu çempionat köp sanly rekordlar hem-de gazanylan uly sport üstünlikleri bilen...

Meşhur futbolçy karýerasyny tamamlap, tälimçi boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň hem-de “Mançester Ýunaýted” toparynyň meşhur ozalky hüjümçisi, milli ýygyndylarynyň taryhyndaky iň köp gol geçiren futbolçylardan Ueýn Runi futbol karýerasyny tamamlady. Ol...

Dünýäniň iň köp ilatly ýurdunda köpçülikleýin sanjyma girişildi

Dünýäniň iň köp ilatly ýurtlarynyň biri hasaplanýan Hindistanda koronawirus ýokanjyna garşy köpçülikleýin sanjyma girişildi. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär.
Okap bilersiňiz  Metjitler we zyýarathanalardaky çäklendirme möhleti
Bu köpçülikleýin sanjym etmek işine...

Metbugat ýygnagy: Türkmenistan Owganystany hemmetaraplaýyn goldaýar

Paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin metbugat ýygnagy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň hökümet agzalary, Türkmenistanyň daşary...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Lebapdaky söwda toplumlarynda uly özgertmeler geçiriler

Şu ýyl Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Lebap welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşigi tarapyndan sebitiň etraplarynyň çäginde döwrebap dükanlaryň onusynyň gurluşygy meýilleşdirilýär. Bu barada Hökümetiň...

Milli Liderimiz Hytaýyň ilçisini kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza wagt tapyp...

Welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimliklerine baş hukukçy wezipesi giriziler

Lebap welaýatyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, döwlet...

Žiraflaryň kiçi görnüşi tapyldy

Tebigaty öwrenijiler Afrikada adatdan daşary kiçi göwrümli iki sany žirafy tapdylar. Olaryň biri Gimil lakalmly žiraf bolup, Ugandanyň Murçison-Folls milli seýilgähinde ýaşaýar. Onuň aýaklary...