27/11/2020 11:03
Home UMUMY Türkmenistan we Şwesiýa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň ösdürilmegi bilen bagly meselelere garadylar

Türkmenistan we Şwesiýa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň ösdürilmegi bilen bagly meselelere garadylar

2020-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Şwesiýa Patyşalygynyň Daşary işler ministri hanym Ann Linde bilen duşuşygy sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi.

Işjeň görnüşde geçen gepleşikleriň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de sebit we halkara gün tertibi boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle hem iki ýurduň DIM-leriniň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hem-de bilelikde durmuşa geçirmäge giň mümkinçilikleri bolan Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň täze Strategiýasynyň çäklerinde gatnaşyklaryň güýçlendirilmegine ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirdiler.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar şeýle hem, sebit we halkara düzümleriň, şol sanda BMG-niň we ÝHHG-niň çäklerinde iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginiň wajyplygyna aýratyn ünsi çekdiler.

Duşuşygyň çäklerinde ministrler 2021-nji ýylda Şwesiýanyň ÝHHG başlyklyk etmeginiň çäklerinde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna türkmen tarapynyň ygrarlydygy barada bellenildi. Bu ugurda iki ýurduň pandemiýa ýagdaýyna garşy göreşmek boýunça bilelikdäki tagallalarynyň ähmiýeti barada hem aýratyn nygtaldy.

Okap bilersiňiz  Türkmenistanly ýaş alym ilkinji ýerli aýakgap boýagynyň taslamasyny işläp düzdi

Kanunyň hökmürowanlygy, gender deňligi, adam hukuklary, bilim we ylym, şol sanda ýokary tehnologiýalar we innowasiýalar ulgamlarynda taraplaryň gatnaşyklarynyň giňeldilmegi bilen bagly meselelere seredilip geçildi.

Okap bilersiňiz  Türkmen futzalçylary ilkinji 70-likde

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

 

 

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň senesi belli boldy

Hormatly Pezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde Aşgabat şäherinde welotrek boýunça Dünýä çempionatyny geçirmek babatda degişli resminama kabul edildi. Halklaryň arasynda dost-doganlygy,...

Nebit guýylarynyň öndürijiligini ýokarlandyrmakda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalaryny we ýörite enjamlaryny önümçiligine ornaşdyrmak arkaly nebit guýylarynyň önüm berijiligini...

Banklardan karzlary onlaýn almagyň tertibi ýola goýlar

Häzirki wagtda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady...

Döwürleýin neşirleriň elektron ulgama geçmegi çaltlandyrylar

Ýurdumyzda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek barada degişli işler alnyp barylýar. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça taýýarlanan Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Hytaý kompaniýalary “Apple”-den ozdurdy

Dünýäniň telefon bazarynda Hytaýyň, Günorta Koreýanyň hem-de ABŞ-nyň kompaniýalary özara bäsleşýärler. Esasan hem, Günorta Koreýanyň “Samsung”, ABŞ-nyň “Apple” hem-de Hytaýyň “Huawei” kompaniýalarynyň arasynda bazarda...

Türkmen-rus gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň milli bölekleriniň ýolbaşçylarynyň - Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň...

Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň senesi belli boldy

Hormatly Pezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde Aşgabat şäherinde welotrek boýunça Dünýä çempionatyny geçirmek babatda degişli resminama kabul edildi.
Okap bilersiňiz  “Liwerpul”-yň nobatdaky transferi
Halklaryň arasynda dost-doganlygy,...

Iki meşhur kompaniýanyň ýolbaşçysy boldy

Germaniýanyň “Volkswagen Group” awtoulag kompaniýasy 22 ýyldan bäri kaşaň sport awtoulag öndürijisi “Bugatti” kompaniýasy bilen ýer bölegini paýlaşýar. Emma soňky hepdelerde nemes kompaniýasynyň fransuz...