8.9 C
Istanbul
29/05/2020 4:39
Home IŇ TÄZE HABAR Türkmenistan-Özbegistan-Eýran arasynda demir ýol hyzmatdaşlygy

Türkmenistan-Özbegistan-Eýran arasynda demir ýol hyzmatdaşlygy

2020-nji ýylyň 21-nji maýynda “Türkmendemirýollary” agentliginiň binasynda Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň demirýol administrasiýalarynyň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde gepleşikler geçirildi.

Gepleşiklere “Türkmendemirýollary” agentliginiň, “Узбекистон темир йуллари” Paýdarlar jemgyýetiniň hem-de RAI “Railways of Islamic Republic of Iran” guramasynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda demirýol we awto ýol ýükleriniň üç ýurduň döwlet serhetlerinden geçirmek ulgamyndaky ulag-üstaşyr geçelgeleri pudagynda özara täsir mehanizmlerini güýçlendirmek barada pikir alşyldy.

Munuň çäklerinde şeýle hem taraplar, harytlaryň üznüksiz üpjün edilmegi, şol sanda ýurtlaryň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça utgaşdyrylan çäreleri bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkiye’den Türkmenistan’a uçuşlar ne zaman planlanıyor?

Türk medyasında yer alan bir habere göre, Türkiye’nin yurt dışı uçak seferlerini başlatma tarihleri belli olduğu iddia edildi. Resmi olmayan bu bilgilere göre, Türkiye’den...

Akylly däl, mehaniki sagat

“Xiaomi” kompaniýasy güýçli depginler bilen özüniñ täze enjamlaryny öndürmegini dowam edýär. Bu kompaniýa "Twenty Seventeen Skeleton Tourbillion Mechanical Watch" atly mehaniki turbiýon sagadyny tanyşdyrdy. Sagatda...

6G ulgamyny öwrenýär

Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasynyñ ýolbaşçysy Leý Szun soñky söhbetdeşlikleriniň birinde 5G ulgamyna has köp möçberde maliýe serişdelerini sarp edýändigini we häzirki wagtda 6G aragatnaşyk ulgamynyñ...

Howa barha arassalanýar

Koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly dünýäde dowam edýän karantin çäreleri sebäpli, 2020-nji ýylda Ýeriň atmosferasyna CO2 zyňyndylary 2,6 Gt azaldy. Bu bolsa, adamzadyň senagat önümçilik...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

“Total” kompaniýasyndan Hazar deňziniň türkmen bölegine uly gyzyklanma

2020-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda ýurdumyzyň we «Total» fransuz kompaniýasynyň wekilleriniň onlaýn görnüşindäki duşuşygy geçirildi. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri...

Dünýä adaty durmuşa dolanýar (27-nji maý)  

— Serbiýada soňky iki aýyň içinde ilkinji gezek koronowirus bilen kesellän ýekeje adam hem hasaba alynmady. — Ispaniýanyň Ibisa adalaryndaky ýüzüş howuzlary boşap galdy. Tebigatyň...

Türkmen-german hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

2020-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň we German ykdysadyýetiň Gündogar komitetiniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde duşuşyk geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar...

«Ak şäherim Aşgabat» atly XIX köpugurly halkara sergisi

Hormatly sergä gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XIX köpugurly halkara sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň...