27/11/2020 10:45
Home UMUMY Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky 16-njy ministrler duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky 16-njy ministrler duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky 16-njy Ministrler derejesindäki duşuşuga gatnaşdy.

Mejlise şeýle-de Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, ÝB-niň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-prezidenti hem-de Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar sebitleriň ikisiniň hem gyzyklanmalarynyň nazarda tutulmagy bilen syýasy, ykdysady we ynsanperwer häsiýetli derwaýys meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar we halkara hukugynyň dolulygyna berjaý edilmegi arkaly parahatçylygyň, howpsuzlygyň, ählumumy adam hukuklarynyň we durnukly ösüşiň saklanylmagyna gönükdirilen hyzmatdaşlyga ygrarlylyklaryny beýan etdiler.

COVID-19 pandemiýasynyň we onuň durmuş-ykdysady netijeleriniň ýeňip geçilmegi boýunça hyzmatdaşlyk hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan, ÝB-niň Merkezi Aziýa ýurtlaryna berýän goldawynyň aýratyn ähmiýeti nygtaldy.

Mejlisde eden çykyşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, ÝB-niň we Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) arasyndaky özara hereketleriň netijeliligini belläp geçdi. ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän degişli sebitleýin maksatnamanyň ýakyn geljekde MA ýurtlarynyň saglygy goraýyş ulgamlarynyň durnuklylygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendigi nygtaldy. Bu babatda R.Meredow ileri tutulýan esasy ugurlar boýunça MA ýurtlarynyň, ÝB-niň we BMG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň giňeldilmegine çagyrdy.

Okap bilersiňiz  Türkmenistanda daşary ýurtly awtoulag tirkegleriniň ýygymlary

Şonuň ýaly-da ÝB-niň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşykda Türkmenistanyň nukdaýnazary beýan edildi. Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy 2021-nji ýyl üçin hyzmatdaşlygyň Ýol kartasynyň işlenilip düzülmegi bilen birlikde bu Strategiýanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilişi boýunça hereketleriň takyklaşdyrylmagyny teklip etdi. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda saglygy goraýyş, durnukly energetika, ulag özarabaglanşyklylygy we daşky gurşawyň goraglylygynyň meseleleri öňe çykaryldy.

Okap bilersiňiz  Germaniýanyň “derbi” duşuşygy

Duşuşyga gatnaşyjylar hukugyň hökmürowanlygy, gender deňligi we adamyň uniwersal hukuklarynyň ulgamynda gazanylan öňegidişlikleriň wajyplygyny neygtadylar. COVID-19 pandemiýasy döwründe serhetleriň we suw serişdeleriniň dolandyrylmagy, söwda we ykdysady integrasiýa ýardam etmek ýaly ugurlarda sebitleýin hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, bu ulgamlarda ÝB ähmiýetli maliýe we tehniki kömegini berýändir.

Taraplar özara gyzyklanma bildirýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ylalaşdylar we «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky bilelikdäki hereketleriň geljegi barada pikir alyşdylar.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

Okap bilersiňiz  Chevening – возможность получения бесплатного академического образования в Великобритании

IŇ TÄZE HABARLAR

Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň senesi belli boldy

Hormatly Pezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde Aşgabat şäherinde welotrek boýunça Dünýä çempionatyny geçirmek babatda degişli resminama kabul edildi. Halklaryň arasynda dost-doganlygy,...

Nebit guýylarynyň öndürijiligini ýokarlandyrmakda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalaryny we ýörite enjamlaryny önümçiligine ornaşdyrmak arkaly nebit guýylarynyň önüm berijiligini...

Banklardan karzlary onlaýn almagyň tertibi ýola goýlar

Häzirki wagtda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady...

Döwürleýin neşirleriň elektron ulgama geçmegi çaltlandyrylar

Ýurdumyzda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek barada degişli işler alnyp barylýar. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça taýýarlanan Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Hepdelik täleýnama (23-29-noýabr)

2020-nji ýylyň 23-29-njy noýabr aralygynda hepdelik täleýnamanyň synlary. Bu hepde hamal, sowur, jöwza, seretan, eset, sünbüle, mizan, akrap, kowus, jedi, daluw, hut ýyldyzy astynda...

Hytaý kompaniýalary “Apple”-den ozdurdy

Dünýäniň telefon bazarynda Hytaýyň, Günorta Koreýanyň hem-de ABŞ-nyň kompaniýalary özara bäsleşýärler. Esasan hem, Günorta Koreýanyň “Samsung”, ABŞ-nyň “Apple” hem-de Hytaýyň “Huawei” kompaniýalarynyň arasynda bazarda...

Söýgi täsirli derman

Söýgüsiz ýaşaýyş ýokdur. Söýgi babatda durmuşdaky hemme zat hakynda gyzykly, ruhlandyryjy makalalar, hekaýalar, oýlanmalar ýazyp bolar, ýöne men maşgaladaky söýgi hakynda beýan edesim gelýär....

Russiýada koronawirusa garşy sanjym haçan başlaýar?

Dünýäde ilkinji bolup, täze görnüşli koronawirus ýokanjyna garşy sanjymy hasaba alan Russiýa Federasiýasynda “COVID-19” keseline garşy köpçülikleýin sanjym etmek işi 2021-nji ýylda başlanar. Bu...