30/10/2020 11:54
Home UMUMY Türkmenistan Hytaý bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär

Türkmenistan Hytaý bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär

Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň VI mejlisi göni wideo aragatnaşyk arkaly geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary K.Gurbanow, hytaý tarapyna bolsa HHR-iň Söwda ministriniň orunbasary we Hytaýyň halkara söwda gepleşiklerindäki wekiliniň orunbasary Ýuý Sziýanhua wekilçilik etdiler.

Şu formatda ilkinji gezek geçirilýän duşuşygyň barşynda taraplar iki döwletiň strategiki hyzmatdaşlygyna esaslanýan ikitaraplaýyn özara hereketleriň giň toplumyna seredip geçdiler. Hususan-da, Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň degişli pudaklarynyň wekilleriniň geljekki duşuşyklary üçin onlaýn-platformalarynyň ösdürilmegi we kämilleşdirilmegi bilen bir hatarda, özara gyzyklanma döredýän beýleki ulgamlarda gatnaşyklaryň giňeldilmegi hem-de çuňlaşdyrylmagy boýunça pikirler alyşyldy.

Bu ugurda, ulag, söwda, energetika, gurluşyk materiallary, himiýa we dokma senagaty, oba hojalygy ýaly pudaklar, şeýle-de telekommunikasiýa hem-de öňdebaryjy maglumat tehnologiýalary, sanly söwda ulgamlary ikitaraplaýyn özara hereketleriň geljegi uly ugurlary hökmünde bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, köp ýyllaryň dowamynda Hytaý Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň arasynda öňdebaryjylygy eýeläp gelýär we bu ilkinji nobatda Türkmenistandaky durnukly makroykdysady ýagdaýlar, şol sanda oňaýly maýa goýum şertleri bilen şertlendirilen bolup durýandyr.

Okap bilersiňiz  Terörle mücadele güçlendiriliyor

Taraplar şeýle hem iki ýurduň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly özara haryt dolanşygynyň göwrüminiň artdyrylmagynyň zerurlygyna aýratyn üns çekdiler. Bu babatda Türkmenistanyň we Hytaýyň döwlet hem-de hususy pudagynyň arasyndaky işewürlik gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine özara gyzyklanma bildirildi, çünki ol hyzmatdaşlygyň giň toplumynyň has hem giňeldilmegine itergi berer.

Okap bilersiňiz  President of Turkmenistan receives Prime Minister of the Republic of Uzbekistan

Mejlise gatnaşyjylar durmuş-ykdysady täsirleriniň azaldylmagynda hem-de pandemiýa bilen bagly bolan ugurdaş meseleleriň çözülmeginde halkara jemgyýetçiliginiň umumy tagallalaryny we hereketleriniň utgaşyklylygyny talap edýän dünýädäki koronawirus ýagdaýlary babatynda hem pikirleri alyşdylar.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň VII mejlisiniň geçiriljek wagtyny we ýerini teswirnama laýyklykda kesgitlemek babatynda ylalaşdylar.

Geçirilen gepleşikleriň ahyrynda Mejlisiň degişli teswirnamasyna gol çekildi.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

 

Okap bilersiňiz  Kompaniýanyň özboluşly harytlarynyň biri bolar

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň agentlikleriniň we halkara maliýe institutlarynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar...

Gadymy söýgi haty

Entek hat ýazuwyň ýok mahalynda habarlary hem-de wakalary şekilleriň üsti bilen mälim edilýän gadymy döwürde hem ýigit bilen gyzyň arasynda söýgi haty bolupdyr. Alymlar...

Söýgüniň güýji we ölmeýän söýgi

Meniň pikirimçe söýgi -bu adamy synagdan geçirýän iň bir ajaýyp duýgularyň biridir. Ol öwgi aýdymlary aýdylýan we asyrlar boýy her dürli rowaýatlardyr, hekaýalary özünde...

Daşyndan açylmaýan gapy

(hekaýa) “Gyzly öýe kyrk at baglanar”  “Paýhas çeşmesi” Ir döwürlerde bir ýurduň patyşasynyň ýekeje gyz perzendi bolupdyr. Patyşa gyzy üçin bir owadan köşk gurdurypdyr. Ýöne, ol köşküň...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Küştdepdi türki dilli ýurtlary birleşdirýär

Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, noýabr aýynda türki dilli ýurtlaryň kompozitorlarynyň we sazşynaslarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly döredilik duşuşygyny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Okap bilersiňiz  “EKSPO-2020” Bütindünýä sergisine taýýarlyk görülýär
Mundan...

“Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2020” atly XXV Halkara maslahaty

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020” atly XXV Halkara maslahaty (OGT-2020) 2020-nji ýylyň 28-29-njy oktýabrynda Aşgabat şäherinde...

Dostluk

Yzmyhşir  ýurdunyň adalatly, dana, ylymly-bilimli patyşasy bar eken. Ol şanyň hem üç sany janyndan eý görýän dosty bar eken. Olar hem edil patyşanyň özi...

Raýan Reynoldsyň meşhur filmleri

Dört doganyň iň kiçisi hökmünde 1976-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Kanadanyň Wankuwer şäherinde doglan Raýan Reynolds karýerasyna 2004-nji ýylda “Blade Trinity” filmi bilen başlady. Soňky...